Täze okuw ýylynyň başynda Times Higher Education (THE) iňlis žurnaly tarapyndan täzelenen dünýäniň iň gowy ýokary okuw jaýlarynyň hataryna ‒ The World University Rankings 2022 ‒ ilkinji gezek türkmen ýokary okuw jaýy ‒ Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty-da girdi.
Bary-ýogy üç ýyl ozal döredilen institutda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejesindäki uniwersitetleriň sanawyna goşmak boýunça yglan eden meselesini çözmek üçin, ýörite meýilnama işlenip düzülipdir.
Bu meýilnama laýyklykda, okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmek, sanly platforma geçmek, şeýle hem halkara tejribesini we milli ileri tutulýan ugurlary doly birleşdirmek göz öňünde tutulypdyr. Özi-de, öňdebaryjy daşary ýurt ýokary okuw mekdepleridir iri ylym-bilim merkezleri bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmäge aýratyn üns berlipdir.