Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi

Paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Uly möçberli gözden geçiriliş şu ýyl 10 ýyllygyny belleýän bu iri jemgyýetçilik guramasynyň döredilmegine bagyşlanyldy.

Ýakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň işewür jemgyýetçiliginiň wekillerine aýdan Gutlag sözlerini olar uly ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Şol duşuşykda milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda öz hatarlarynda häzir 20 müňden gowrak agzalaryny birleşdirýän hem-de işjeň ösýän işewür jemgyýetçiligi bolan bu iri guramanyň işine ýokary baha berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda hojalygy dolandyrmagyň bazar gatnaşyklary ulgamyny döretmegiň möhüm düzüm bölegi bolup durýan ýurdumyzyň telekeçiliginiň ösdürilmegine ýardam berip, innowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegine hususy işewürligiň gatnaşmagyny goldaýar. Milli ykdysadyýetde döwlete dahylsyz ulgamyň tutýan ornunyň has-da ýokarlandyrylmagy bolsa Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Geçen 10 ýylda ýurdumyzyň kiçi we orta işewürligi örän uly derejede ösdi. Zähmet ýeňişlerine hem-de hususy işewürligiň üstünliklerine beslenen her bir ýyl uly ähmiýete eýe bolýar. Şolardan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň taryhy döreýär, esasy zat bolsa onuň agzalarynyň abraýydyr. Onuň agzalaryna hormatly Prezidentimiz iri möçberli taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň amala aşyrylmagyny ynanýar.

Şanly sene geçilen ýoly seljermek hem-de işleriň mundan beýläk-de ugurlaryny kesgitlemek, gazanylanlary göz öňüne getirmek we ýurdumyzyň hususy işewürliginiň innowasion kuwwatyny görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. TSTB-niň sergisi we maslahaty hut şu maksatlara eýerýär.

TSTB-niň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guran gözden geçirilişiniň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary hem-de deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynyň barşynda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň türkmen telekeçiligini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek, toplanan tejribeleri durmuşa ornaşdyrmak işlerinde uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz birleşmäniň 10 ýyllygynyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan ýylda bellenilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini nygtady. Demirgazyk bilen Günortany, Gündogar bilen Günbatary birikdirip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi adyna eýe bolan türkmen topragynyň şan-şöhrata beslenmeginde gadymy türkmen täjirleriniň, telekeçileriniň hyzmaty örän uludyr diýip, milli Liderimiz belleýär.

Artistleriň forumyň dabaraly açylyşyna taýýarlan edebi aýdym-sazly çykyşynda hem-de pudaklaýyn gözden geçirilişiň baýramçylyk ruhunda iň gowy däpleriň nesilden-nesle geçirilişi beýanyny tapdy. Döwürleriň hem-de nesilleriň mizemez arabaglanyşygy baradaky pikir onuň esasy many-mazmunyny düzdi.

Sergi bilen tanyşlyk TSTB-niň goldamagynda ozallar üstaşyr söwdanyň merkezi bolan hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň ugurlarynyň ulgamyna giren täsin taryhy-binagärlik ýadygärligi bolan Şähryslam şäherinde gazuw-agtaryş işleriniň barşynda alym arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan orta asyrlaryň tapyndylaryny synlamakdan başlanýar.

Serginiň merkezi meýdançasynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan bölüm ýerleşdirilipdir.Bu ýerde Garagum sährasynyň keşbi döredilip, onda döwlet Baştutanymyzyň sport awtoulagy goýlupdyr.

Bu ulagda milli Liderimiz ýakynda ogly Serdar Berdimuhamedow bilen çölüň çäksiz giňişliklerinden geçdi.Sport nyşanlary bilen bezelen ýaryş ulagy sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.Bu wakalar barada fotosuratlar gürrüň berýär, äpet ekranlarda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny we häzirki zaman ähmiýetini, ýurdumyzyň arheologik hem-de medeni-taryhy ýadygärliklerini, milli mirasy we maddy gymmatlyklary, bedenterbiýäni hem-de sporty, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagyny, döwletimiziň halkara sport abraýynyň has-da artdyrylmagyny wagyz etmäge gönükdirilen bu awtomobil ýaryşynyň geçjek ugurlary bilen baglanyşykly täsirli ýerler görkezilýär.

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan wideoşekiller hem görkezildi. Döwlet Baştutanymyz Garagum sährasy boýunça ýoly gözden geçirip, awtomobil sürmekde ýokary ussatlygyny görkezdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow bu awtoulagly ýörişde milli Liderimiziň şturmany boldy.

Sergi merkeziniň bu meýdançasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlarynyň ýeňijileri bilen bolan duşuşyklar bellärliklidir. Şol ýeňijileriň arasynda bu halkara ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegine mynasyp goşandyny goşan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem az däl.

Bu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda oňa gatnaşyjylaryň 180-den gowragy öz diwarlyklaryny görkezýär.Olaryň hatarynda TSTB-niň düzümleýin bölümleri hem-de welaýat bölümleri, oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda hem-de gurluşyk serişdelerini, elektrik enjamlaryny öndürmekde, söwdada, syýahatçylykda, bilimde, durmuş hyzmatlary, ulag hem-de logistika ulgamlarynda, amaly-haşam senetlerinde we beýleki ugurlarda işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri bar.

Gözden geçirilişiň esasy ugry diňe bir üstünlikleri däl-de, eýsem, ýurdumyzyň telekeçiliginiň kuwwatyny görkezmekden hem ybaratdyr. Şoňa görä-de, innowasion tehnologiýalara we nou-haulara aýratyn üns berildi. Şularyň netijesinde, hususy işewürlik daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilik we eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözýär.

Serginiň başlanýan ýerinde monitorlarda 10 ýylda dürli pudaklarda telekeçiligiň gazananlaryny beýan edýän şekiller görkezilýär, şeýle hem birleşigiň düzüm bölümleriniň diwarlyklary ýerleşdirilipdir.TSTB-niň ýanynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky hereket edýär.

Bu bankyň sebitlerde hem öz şahamçalary bar.Telekeçilik mekdebi hünärli işgärleri taýýarlamagyň 50-den gowrak ugry boýunça bilim taslamalaryny durmuşa geçirýär.Guramanyň düzüminde “Bäsdeş” söwda öýi hem-de gurluşyk ugruna gözegçilik edýän “Birleşme gurluşyk” birleşigi bar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda hem-de birleşmäniň goldamagynda 2014-nji ýylda “GS1 Türkmenistan” diýen ştrih-kod boýunça Türkmenistanyň milli guramasy döredildi. Bu guramanyň işi türkmen haryt öndürijileriniň dünýä bazarlaryna işjeň çykmagyna ýardam berýär, innowasion ösüş babatda olara itergi berýär. Şu ýyl “GS1 Türkmenistan” ISO 9001:2015 diýen laýyklyk güwänamasyny aldy. Bu resminama menejment ulgamynyň hilini tassyklaýar.

TSTB-niň “Rysgal” gazeti öz media önümlerini görkezýär. Ýurdumyzyň işewürleri hususy köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmek barada döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyny ilkinji bolup goldap, döwürleýin neşiri esaslandyrdy.

Şu ýerde hem 2012-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň (TSTP) işi barada maglumat almak bolýar.Onuň bölümleri Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýär.Türkmenistanyň Mejlisiniň 14 deputaty bu jemgyýetçilik birleşigine wekilçilik edýär we häzirki wagtda bu birleşik milli parlamentiň altynjy çagyrylyşyna deputatlaryň, halk maslahatlaryna we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin öz dalaşgärlerini hödürledi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda birleşmäniň ýurdumyzyň parlamenti, hünär ugurly ministrlikleri we pudak edaralary bilen ulgamlaýyn işleýändigini bellemek gerek.

TSTB-niň gatnaşmagynda işewürligi gowulandyrmaga degişli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi dowam edýär.

Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri beýan edildi. Kiçi hem-de orta işewürlik bu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ösýär, ykdysadyýetimiziň esasy ugurlaryna wekilçilik edýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri paýtagtymyzda hem-de ähli welaýatlarda iri möçberli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýärler, hususy kärhanalar bolsa 147 müň adamy iş bilen üpjün edýär.

Däp boýunça sergide telekeçileriň alyp barýan işleriniň gurluşyk ugry giňden görkezilýär.Gözden geçirilişe pudagyň öňdebaryjylary: “Ajaýyp bina”, “Ajaýyp gurluşyk”, “Aktab”, “Dor bedew”, “Ussat inžener”, “Rysgally zähmet”, “Döwlet gurluşyk”, “Hyzmat merkezi” we beýlekiler gatnaşýarlar.

Olar birnäçe iri desgalary gurdular, paýtagtymyzda we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine gatnaşdylar.Bu kärhanalaryň we hojalyk jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň köpüsi ýakynda ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolup, hormatly Prezidentimiziň elinden şol sylaglary aldylar.

Häzirki wagtda telekeçiler diňe bir aýry-aýry desgalary gurman, eýsem, ýaşaýyş toplumlarynyň tutuş tapgyrlaryny, kottej toplumlaryny, seýilgäh zolaklary, dolandyryş-işewür merkezleri bina edýärler.Döwlet strategik maksatnamasynyň çäklerinde olara iri buýurmalary ýerine ýetirmek, şol sanda ýurdumyzyň paýtagtynda, şäherlerinde we obalarynda gurluşyk işlerini alyp barmak, gara ýollary, suw we beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşykly buýurmalary ýerine ýetirmek ynanyldy.

Türkmen paýtagtyny ösdürmegiň 13-nji, 14-nji we 15-nji tapgyrlarynyň desgalarynyň ulanylmaga berilmegi hususy kärhanalaryň bu işlere mynasyp hötde gelýändiklerine şaýatlyk edýär.Diňe paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan desgalaryň 257-si ulanylmaga tabşyryldy. Çoganly ýaşaýyş toplumynda jaýlaryň 316-sy bina edildi.

Hususy kompaniýalar Köşi ýaşaýyş toplumynda hem-de “Parahat — 7” kiçi etrapçasynda gurluşyklary alyp barýar.

Mundan başga-da, ýurdumyzdaky ilkinji Golf-klub hem hususy gurluşyk kompaniýasy tarapyndan guruldy.TSTB-niň agzalarynyň guran binalarynyň hatarynda iri sport toplumlary, myhmanhanalar, muzeýler hem-de kitaphanalar, ýokary okuw mekdepleri, dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumlary, “Türkmeniň ak öýi” binalary, kottej şäherjikleri, iri söwda-dynç alyş we çagalar sagaldyş merkezleri, seýilgähler hem-de beýleki binalar bar. 2017-nji ýylda telekeçiler Aşgabatda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky üçin belent gatly täze binany gurdular.

Bankyň şahamçalary üçin şeýle binalar TSTB-niň agzalary tarapyndan Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ulanylmaga berildi.Sebitlerde döwrebap işewürlik merkezleri açyldy, şolarda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de partiýasynyň welaýat bölümleri ýerleşdi.

Şu ýylyň başyndan bäri TSTB-niň agzalary bolan hususy gurluşyk kompaniýalary “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynda täze desgalary, G.Kulyýew köçesiniň ugrunda dolandyryş we söwda binalarynyň iri toplumyny ulanmaga berdiler. Türkmenabadyň Halkara howa menzili aýratyn üns berilmäge mynasypdyr.

Türkmen işewürleri bu ulgamda ýeterlik tejribe toplap, daşary ýurt bazarlaryna çykýarlar. Munuň subutnamasy hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäkli düzüminde gurlan çagalar bagyny hem-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda gurluşygy alnyp barylýan mekdebi mysal getirmek bolar.

Serginiň köp bölegi ýurdumyzyň işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine — ýerli çig maldan ýokary hilli önüm çykarmak üçin önümçilikde tehnologik täzelikleri ornaşdyrmagyň hem-de giňden ulanmagyň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek önümleri öndürýän senagat we oba hojalyk kärhanalarynyň döredilmegine bagyşlanypdyr.

Sergide bu ulgamda “Şahym-Şa”, “Saka”, “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýetleri, “Giňdere”, “Arma”, “Erjel-Begenç” kärhanalary öz üstünliklerini görkezýär. “Derýa plastik” hususy kärhanasynyň bölümi köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.Bu kärhana gurluşyk ulgamynda zerur bolan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň 800-den gowrak görnüşini, sanfaýans önümlerini, dürli diametrdäki kabelleri we şlangalary çykarýar. “Çaly”, “Ukyply kärdeşler” hususy kärhanalary innowasion tehnologiýalar boýunça taýýarlan gurluşyk serişdelerini görkezýär. “Akhünji” kärhanasynyň öndürýän penopolistiroldan taýýarlan önümleriniň önümçiligi ýyl-ýyldan artýar.

Bu ýerde gurluşyk serişdelerini, şol sanda bazalt süýümini, turbalary, kerpiçleri, demirbeton gurluşlaryny, gidrogorag serişdelerini, ýuwlan çägäni, penopolistiroly, keramziti, dürli emulsiýalary hem-de boýaglary, elektrik kabellerini, bezeg daşlaryny we kafelleri, gury gurluşyk garyndylaryny hem-de ýag we howa filtrlerini, akkumulýatorlary hem-de beýlekileri öndürýän zawodlaryň önümleri giňden görkezilýär.

Bu gün TSTB-niň agzalary ykdysadyýetiň täze pudaklarynda, şol sanda topragymyzyň ýerüsti we ýerasty baýlyklary bolan peýdaly gazylyp alynýan magdanlary iň täze tehnologiýalary peýdalanmak bilen işläp taýýarlamak boýunça işlere hem gatnaşýar.

Sergä täze gatnaşýanlaryň hatarynda Balkanabatdan “Zürýada hyzmat” kärhanasy kerpiç, çerepisa, ikinji gezek gaýtadan işlenilmegi arkaly taýýarlanan plitalaryň dürli görnüşleri ýaly gurluşyk serişdelerini hödürleýär.

Ýurdumyzyň senagat harytlarynyň görnüşleri köpelýär. Hojalyk-durmuş önümleriniň we çaga oýnawaçlarynyň görnüşlerini artdyrýan “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýetiniň işi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň döredilmegine gönükdirilendir. Balkan welaýatyndan “Batly gadam” hususy kärhanasy öz önümlerini — pagta ýüplügini we ondan taýýarlanan joraplary ilkinji gezek görkezdi.

Bu ýerde soňky ýyllarda ulanmaga tabşyrylan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Mebel toplumy, “Aýbölek” fabrigi, “Abraýly önüm” we “Çigildem” kärhanalary, “Sary agaç”, “Mary agos”, “Hilal” hususy kärhanalary bar. Olar öz öndürýän önümlerini ýaşaýyş jaýlarynyň we edaralaryň otaglaryny gurnamakda ulanmak üçin peýdalanmagyň artykmaçlyklaryny görkezýärler.

Halyçylyk amatly eksport ugurly işewürlige öwrülýär. Häzirki sergide “Abadan haly” kärhanasy halylaryny hem-de reňkleri boýunça ajaýyp palaslaryny görkezdi.

Bu gözden geçirilişiň çäklerinde ilkinji gezek “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýetiniň polipropilen ýüplükden taýýarlan haly önümi görkezilýär. Öndüriji şu ýyl emeli süýümden halyny taýýarlamaga girişdi, ýöne taýýar önüm eýýäm Gazagystanda guralan pudaklaýyn sergide görkezilip, ony ibermek barada daşary ýurtlar bilen şertnamalar baglaşyldy.

Serginiň täzelikleriniň hatarynda ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürmäge girişýän durmuş tehnikalary bar. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň ösdürilýän gatnaşyklary bellemek gerek. Olar bilen hyzmatdaşlykda bilelikdäki kärhanalary döretmegiň mümkinçilikleriniň üstünde işlenilýär.

Halkyň sarp edýän harytlarynyň giň görnüşleriniň önümçiliginde durmuş himiýasynyň önümlerini hem-de döwrebap tehnologiýalary görkezýän diwarlyklar örän gyzyklydyr. Däp boýunça pudaklaýyn gözden geçirilişe ýurdumyzda ýuwujy serişdeler we kosmetiki önümler bazarynda belli bolan “Şatumar” kärhanasy hem-de “Ýigit” hojalyk jemgyýeti öz täze önümlerini taýýarlapdyr.

Ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde hususy haryt öndürijileriň tutýan orny uludyr. Bu bolsa oba hojalyk we azyk önümlerini öndürijileriň köp sanly sergi bölümçelerini özünde jemleýän bölümde beýan edilýär.

On ýylda azyk önümleriniň giň görnüşlerini öndürýän döwrebap kärhanalaryň sany ep-esli artdy. Telekeçiler bazaryň täze ugurlaryny hem-de önümçilik tehnologiýalary ynamly özleşdirmegi dowam edýärler. Munuň özi obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyny, ilatyň ekologiýa taýdan arassa köpdürli azyk we ýokumly önümlere bolan isleginiň kanagatlandyrylmagyny gazanmaga mümkinçilik berýär. Şol önümleri şu gün ýöriteleşdirilen sergä gelenler kanagatlanma bilen dadyp gördüler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, TSTB-niň agzalaryna maldarçylyk we guşçulyk fermalaryny gurmaga ýer bölekleri bölünip berildi, şolaryň ençemesi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda eýýäm ulanylmaga tabşyryldy.Bu ugurda sergä gatnaşyjylaryň arasynda iň döwrebap enjamlar hem-de tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri maldarçylyk toplumlary, guşçulyk we balykçylyk hojalyklary, gaýtadan işleýän kärhanalar bar.

Olaryň hatarynda “Guş toplumy”, balyklary köpeltmek we gaýtadan işlemek boýunça “Hazar balyk” toplumy, “Ajaýyp ussat halal önümleri” kärhanasy, “Hoş zaman” guşçulyk fermasy, “Bereketli” hem-de “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetleri we ençeme beýlekiler gatnaşýar.

Ekologiýa taýdan arassa çig malyň esasynda ýokary hil derejeli önümleriň ugruna degişli bolan çagalar iýmitiniň, miwe hem-de gök önümleriň konsentratynyň, miwe suwlarynyň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, balyk delikatesleriniň, ýogurtlaryň, şöhlatlaryň, dürli süýji-köke we beýleki önümleriň çykarylmagy ýola goýuldy.

Balyk önümlerini öndürijileriň görkezýän bölümleri sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde “Elin balyk” hojalyk jemgyýetiniň afrika lakgasy we bekre balyklary diri görnüşde aýratyn ünsüňi çekýär. “Ajaýyp ussat halal önümleri” hojalyk jemgyýeti sergide maldarçylyk pudagynda geçiren tohumçylyk-seçgi işleriniň netijelerini görkezýär. “Sahabatly” hojalyk jemgyýeti hem öz maldarçylyk toplumynyň maly bolan geçileri görkezdi. Onuň süýdünden saglyk üçin peýdaly önümler öndürilýär.

Ýurdumyzyň kärhanalarynyň alan ISO we HACCP halkara güwänamalary olaryň öndürýän azyk önümleriniň ýokary hillidigine şaýatlyk edýär. Şeýle kärhanalaryň hatarynda “Guş toplumy”, süýji-köke öndürýän “Hasar”, “Parahat” hususy kärhanasy, “Halys”, “Täze aý” hojalyk jemgyýetleri hem-de “Zamana” diýen söwda nyşanly süýt önümlerini çykarýan kärhana we beýlekiler bar.

Sergide “Akdaş miwe içgileri”, “Arçalyk”, “Berk akar” kärhanalarynyň alkogolsyz içgileri we arassa agyz suwlary, “Ak ýaprak” hojalyk jemgyýetiniň önümçiligi bolan “7 gün”, “Miweli oba” hojalyk jemgyýetiniň “8 ýap”, “Saba” söwda nyşanly miwe suwlary, “MFT” söwda nyşanly tebigy miwe hem-de gök önümleriň şerbetleri we beýlekiler giň görnüşde görkezilýär.

“Parahat” kärhanasynyň sergisinde belli “Joş”, “Eçil” miwe suwlaryndan, sowuk çaýdan, şöhlatlardan başga-da, saglyk üçin peýdaly önümler — çaga iýmiti (miwe-gök önümli pýure), üwmejiň hem-de pomidor goýaltmasynyň birnäçe görnüşleri bar. Olar döwrebap önümçilikde ýerli tebigy çig maldan bolan miwe we gök önümleriň konsentratlarynyň esasynda taýýarlanylýar.

Süýt önümlerini öndürýän belli öndürijiler bolan “Aýazbaba”, “Elin” hususy kärhanalary, “Sahabatly”, “Şabat” hojalyk jemgyýetleri hem täze önümlerini görkezýärler. Sergä gelenler “Owadan ülke” zawodynyň, “Bereket” kärhanasynyň we “Ýakyn dost” hojalyk jemgyýetiniň gaplanan täze önümleriniň giň görnüşlerini dadyp görýärler.

“Salkyn”, “Erteki”, “Täze aý” ýaly söwda nyşanlary bolan ulular we çagalar üçin öndürýän doňdurmalary has-da özüne çekiji.Sergä gelýänler ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda öndürilýän bejeriş häsiýetlerini özüne siňdiren ary balynyň dürli görnüşlerini höwes bilen dadyp görýärler. “Hasar”, “Misgär” kärhanalarynyň hem-de “Bars”, “Duýgy” hojalyk jemgyýetleriniň diwarlyklarynda dürli süýji-köke önümleri görkezilýär. “Tomus”, “Saglyk”, “Halys”, şeýle hem “Kämil market” we beýlekiler ajaýyp baýramçylyk görnüşinde bezelen bölümlerde çörek hem-de çörek-bulka önümleriniň islegli görnüşlerini görkezýärler.

Serginiň bölümlerinde döwletimiziň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna kärendä beren ýerlerinde gurlan döwrebap ýyladyşhana hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýän dürli görnüşli miweler, gök we bakja önümleri görkezilýär.Suwaryşyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, ýokary hilli sarp ediş serişdelerini we tehnikalaryny ulanmagyň esasynda obasenagat işewürliginiň gök ekerançylyk, miweçilik we gülçülik ýaly ugurlary işjeň ösýär. “Parasatly” we “Nurly meýdan” daýhan hojalyklarynyň, “Ter” hojalyk jemgyýetiniň, “Sanjar” kärhanasynyň bölümleri munuň şeýledigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Ter gök önümleriň dürli reňkli ajaýyp görnüşleri gözüňi dokundyrýar, aýratyn-da, “Bäş nur” hususy kärhanasynyň “gyş ýer tudanasy” özüne çekýär.Ilkinji gezek gözden geçirilişe tohumçylyk hem-de ýyladyşhana gök önümlerini öndürmekde ýöriteleşen “Ezber daýhan” kärhanasy gatnaşýar.

Aýry-aýry telekeçiler sergä gelenleri ýyladyşhanany enjamlaşdyrmakda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary hem-de ekologiýa ulgamynda geçirilýän işler bilen tanyşdyrýarlar.

Ýokary hili we ekologik howpsuzlyk derejesi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň öndürijileriniň harytlary daşary ýurt bazarlarynda hem uly islegden peýdalanýar. Hytaý Halk Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Awstriýa Respublikasynda TSTB-niň söwda wekilhanalarynyň alyp barýan işleri ýurdumyzyň telekeçileriniň eksport kuwwatyny amala aşyrmaga, öňdebaryjy dünýä tejribesini hem-de maýa goýumlaryny çekmäge, halkara derejesinde işewür gatnaşyklaryň ulanylmagyna gönükdirilendir.

Häzirki wagtda daşary ýurtlara ugradylýan azyk harytlarynyň hatarynda köke-süýji önümleri, gök hem-de miwe önümleri, towuk ýumurtgalary, doňdurmalar, miwe suwlary we olaryň önümçiligi üçin konsentratlar bar. Olaryň köp bölegi TSTB-niň daşary ýurtlardaky söwda merkezlerinde, şol sanda Hytaýyň Sinin şäherinde, Gyrgyz Respublikasynyň we Gruziýanyň paýtagtlarynda, Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazari-Şerif şäherinde ýerlenilýär.

Aýry-aýry diwarlyklar söwdanyň we hyzmatlaryň ösüşinde häzirki zaman marketing çemeleşmelerini giňden özleşdiren telekeçileriň gazananlaryny görkezýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine öz “Söwda nyşanynyň” gowşurylmagy hakynda şahadatnamanyň berlendigini bellemek gerek. Bu gün bolsa bu nyşan täç görnüşinde şanly senä bagyşlanan serginiň köp harytlarynyň bezelişinde görkezilýär.

Döwrebap söwda merkezleriniň açylmagy söwdanyň we hyzmatlaryň ösmegine ýardam edýär. Olaryň hatarynda paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy”, “Aşgabadyň ýalkymy”, “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezleri bar. Şolaryň käbir kärhanalary hem häzirki gözden geçirilişiň çäklerinde görkezilýär.

Sergi meýdançasynda awtoulag hyzmatlaryny mahabatlandyrýan “Awtoýoly” hojalyk jemgyýeti, IT tehnologiýalar ulgamynda hyzmatlary hödürleýän “Imdat elektronik” hojalyk jemgyýeti bar.Serginiň birnäçe bölümleri işewürligiň möhüm ugry hem-de ýurdumyzda bu pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň barşynda aýratyn ähmiýeti bolan ulag we logistika ugurlaryna bagyşlanypdyr. Şu aýda döredilen “Türkmen Tranzit” assosiasiýasy ilkinji gezek sergä gatnaşýar, ol logistika hyzmatlarynyň köp görnüşini hödürlemäge ýöriteleşdirilendir.

Hususy ulgamyň wekilleri ilata durmuş, mahabat we neşirýat hyzmatlarynyň giň gerimini hödürleýär. Bu hem häzirki sergide öz beýanyny tapdy.

Sergä gatnaşyjylara, ilkinji nobatda bolsa, daşary ýurtly hyzmatdaşlara hususy syýahatçylyk hünärmenleri — bu ugurda depginli işleýän “Owadan syýahat” kärhanasy hem-de onuň sergä ilkinji gezek gatnaşýan “ýaş kärdeşleri” bolan “Halkara dostluk”, “Oguzabat”, “Güneşli syýahat” we “Rowaç-AW” kärhanalary öz mümkinçiliklerini görkezýär.

Häzir syýahatçylyk TSTB-niň alyp barýan işiniň geljegi uly ugurlarynyň biridir.Syýahatçylyk hünärmenleri ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygary bilen baglylykda, gadymy ýoluň taryhy we ýadygärlige öwrülen ýerleri boýunça ugurlary hödürleýär.

Bu baradaky mazmun “Gül zaman” hojalyk jemgyýetiniň ajaýyp görnüşdäki taýýarlanan bölüminiň ugruny kesgitledi.

Häzirki şanly senä bagyşlanan gözden geçiriliş telekeçileriň dokma hem-de deri önümçiliginde, halyçylyk pudagynda, däp bolan hünärmentçilikde gazananlaryna baha bermäge mümkinçilik berýär. Sergä Zenanlaryň işewür merkeziniň hem-de onuň Aşgabatdaky we welaýatlardaky bölümleriniň wekilleri gatnaşýar. Olar ajaýyp milli egin-eşikleri görkezýärler.

Ajaýyp halylar, zergärleriň, tikinçileriň, şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň täsin işleri milli mirasy gorap saklamak we wagyz etmek işine TSTB-niň agzalarynyň goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär. Sowgatlyk önümleriň köpdürlüligi, şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýerleriň, paýtagtymyzyň gözellikleriniň şekilleri çekilen dürli önümler serginiň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekýär.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işleriniň hem-de möhüm döwlet maksatnamalarynyň we ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen ugurlar babatda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde duran wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň netijeleri günüň ikinji ýarymynda geçirilen maslahatyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar işewürligi alyp barmagyň esasy meseleleri, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan döwlet maksatnamalary bilen baglylykda bilelikdäki kärhanalary döretmek meseleleri babatda hem pikir alyşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň berýän goldawynyň, hususy işewürligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertleriň ýurdumyzyň telekeçileriniň geljege ynam bilen garamagyna, Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmagyň, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine joşgunly zähmet çekmäge kömek berýändigi barada bir pikirde boldular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Türkmenistan “milli kiberözbaşdaklygy” goramak üçin, “Kiberhowpsuzlyk hakynda” kanun kabul edýär
Türkmenistanda Türkmentel — 2023 halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär
Dünýäde iň haýal internetli Türkmenistanda ýerli IT kompaniýalary kiberhowpsuzlygy maslahat edýär
Aşgabatda ImdatBot çagalar üçin robototehnika gurnaklaryna kabul etmegini dowam edýär