Türkmenistanyň telekeçileri döwrebap söwda-dynç alyş toplumynyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanda täze döwrebap söwda-dynç alyş işewürlik toplumynyň gurluşygy boýunça giň gerimli taslama badalga berlendigi yglan edildi. Gurujy ýerli telekeçileri bu köpugurly desganyň paýly gurluşygyna gatnaşmaga çagyrýar.

Amatlylyk we işewürlik üçin häzirki zaman konsepsiýasy

Gurluşygy meýilleşdirilýän toplum söwda, dynç alyş we iş üçin mümkinçilikleri özünde jemleýän köpugurly giňişlik hökmünde göz öňünde tutulýar.

0-njy gat. Bu ýerde fitnes zaly, ammarlar, şeýle hem oýun we okuw meýdançalary bolan aýratyn çagalar zolagy ýerleşer.

1-nji gat dükan zolaklary, amatly kofe dükany we dürli söwda meýdançalary üçin bölünip berler.

2- nji gatda iş otaglary we naharhana zolaklary ýerleşdiriler. Açyk howada çäreleri geçirmek üçin niýetlenen giň mansarda (üçekdäki otag) taslamanyň esasy aýratynlygy bolar.

Hemmeler üçin maýa goýum teklipleri

Gurujy her bir telekeçiniň özi üçin iň amatlysyny saýlap bilmegi üçin birnäçe maýa goýum nusgalaryny hödürleýär:

Gurluşygyň gidişine proporsional kesgitlenen goýum bilen üç tapgyrly maýa goýum: birinji gatanç umumy maýa goýumyň 30%, ikinjisi 40%, üçünjisi 30%.

30%/70%, 50%/50% ýa-da 70%/30% tölegi paýlamak nusgalaryny hödürleýän üýtgeýän goýum bilen iki tapgyrly maýa goýumlar. Bu nusga saýlananda maýa goýujy binanyň içki dizaýnyny özbaşdak işläp düzmek üçin 30% arzanladyş alýar.

Içerki dizaýny döretmek boýunça hyzmatlara 50% arzanladyş hukugyny berýän bahanyň 100% möçberinde bir tapgyrly maýa goýum.

Täze toplum Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde gurlar. Bu ýer bölegi desgany köp sanly myhmanlara we gyzyklanýan kärendeçilere elýeterli etmegi wada berýär.

Gyzyklanma bildirýän maýadarlar we telekeçiler (+993 62) 08 80 82 telefon belgisi arkaly goşmaça maglumat alyp, taslama gatnaşmagyň şertlerini maslahatlaşyp bilerler. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Ulag Hyzmatlary kompaniýasynyň MICE-syýahatçylygy hyzmaty bilen işewürligiňizi ösdüriň
Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Katmeriň desertleri Täze ýylda myhmanlaryňyzy haýran galdyrar
“QED Group” kompaniýasy bilim merkezlerini Iňlis dilini öwretmegiň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça maksatnamasynyň çäginde hyzmatdaşlyga çagyrýar.
Hytaýyň “International Ltd.” Milli nebit-gaz korporasiýasynyň şahamçasy bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanda el iş önümlerini eksport emek boýunça maksatnama işe girizilýär