Türkmenistanyň teatrlarynyň artistleri Halkara teatr mekdebiniň meýilnamasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň teatrlarynyň artistleri Halkara teatr mekdebiniň meýilnamasyna gatnaşdylar

Ýakynda Moskwanyň etegindäki Zwenigorod şäherinde Russiýanyň teatr birleşiginiň guramagynda XVI Halkara teatr mekdebiniň 1 aýlyk okuw maslahaty geçirildi.Däp bolan bu okuw maslahatyna beýleki ýurtlaryň sahna artistleri bilen birlikde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artisti Azat Didarow hem-de A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Bagtýar Abaýew dagylar gatnaşdylar.

Türkmen artistleri eýýäm birnäçe ýyllaryň dowamynda teatryň sahnasynda dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini janlandyryp, tejribe topladylar hem-de halkymyzyň söýgüsini gazandylar. Ýaňy ýakynda B.Abaýew A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Z.Zaýnulliniň “41-nji ýylyň zenanlary” atly sahna oýnuny sahnalaşdyrdy.

Azat Didarow bolsa T.Hojakgaýewiň “Wah, siz aýallar” atly sahna oýnunda özboluşly keşp döretdi.

Okuw maslahatynyň ilkinji günlerinde oňa gatnaşýan artistler üçin bu mekdebiň tejribeli hünärmenleri tarapyndan sahna hereketleri, sahna dili boýunça ussat sapaklary geçirildi.Meýilnamanyň çäklerinde artistler drama, gurjak, tans we beýleki ugurlar boýunça synag sahna oýunlaryny goýmak boýunça hem öz güýjüni synadylar.

B.Abaýew okuw maslahatynyň dowamynda Haýwanlaryň şasy diýen sahna oýnuny goýmaga gatnaşan bolsa, A.Didarow Romeo we Julýetta sahna oýnundan Merkusionyň keşbini üstünlikli döretdi.Olaryň taýýarlan synag sahna oýunlaryna tomaşa etmäge hem baha bermäge moskwaly tomaşaçylar, teatr sungatyny öwrenijiler, Russiýanyň teatrlar birleşiginiň agzalary we beýlekiler gatnaşdylar.

Hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatyna gatnaşyjylara diplomlar we şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.Okuw maslahaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine, medeniýet ulgamynda birek-birekden kän zatlary öwrenmäge uly ýardam berdi.

Türkmen artistleri ýurdumyzyň medeniýet we döredijilik ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň dünýäniň dürli döwletleriniň medeniýeti bilen içgin tanyşmaklarynda, özara tejribe alyşmaklarynda döredýän mümkinçilikleri üçin, Mähriban Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.

Ýene degişli makalalar

12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym