Türkmenistanyň teatr artistleri Täze ýyl sowgatlaryny taýýarladylar

Türkmenistanyň teatr artistleri Täze ýyl sowgatlaryny taýýarladylar

Täze, 2022-nji ýyla Türkmenistanyň teatrlary hem baýramçylyk sowgatlary bilen geldiler.Türkmenistan gazetinde habar berlişine görä, Baş drama teatrynyň taýýarlan Gülki agşamy atly çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrýar.

Sahna keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýän teatr artistleri Gülşat Tahyrowanyň, Selbinýaz Berdiýewanyň, Azat Didarowyň, Çary Hommadowyň, Haýytmyrat Durdyýewiň, Atajan Annaberdiýewiň, Aşyr Mämmedowyň çykyşlary, Şemşat Kasymowanyň Täze ýyl hakdaky türkmen, iňlis dillerinde ýerine ýetirýän aýdymlary gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylanýar.

Artistleriň ýerlerde bolup görkezýän baýramçylyk çykyşlarynyň hem muşdaklary özüne ýetik. Her Täze ýyl baýramçylygynda bu teatryň döredijilik işgärleri tarapyndan çagalar üçin çykyşlary taýýarlamak asylly däbe öwrülipdir. Ertekileriň gahrymanlary çagalaryň arzyly myhmany bolýar. Täze ýyl — maşgala baýramy. Şonuň üçin şeýle tomaşalara ene-atalar hem höwes bilen gatnaşýar.

Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda sahnalaşdyrylan Täze ýyl sowgatlary atly oýun hem öz adyna mynasyp şowly eser bolupdyr. Türkmenistanyň halk artisti Handurdy Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde taýýarlanan oýunda baýramçylygyň her ynsana bagyş edýän şatlyk-şowhuny beýan edilýär.

Täze ýyl sowgatlary oýnunda hem bir maşgalada Täze ýylyň agzybirlik, bolçulyk bilen dabaraly bellenilişi hakda gürrüň edilýär.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, režissýor Bilbil Mämmedowyň çagalar üçin taýýarlan erteki oýny teatryň şowly oýunlarynyň biridir. Ol Täze ýyl arçasynyň ýanyndaky şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çykyşlary-da uly joşgun bilen dowam edýär.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli birbada iki oýun sahnalaşdyrylypdyr.Režissýorlar Geldi Almämmedowyň Towşanjygyň öýi hem-de Ylýas Durdyýewiň Janly gurjaklar atly sahna eserleri bireýýäm körpeleriň uly höwes bilen tomaşa edýän oýunlaryna öwrüldi. Ýurdumyzyň teatrlarynda çagalar üçin taýýarlanýan şular ýaly sahna oýunlary gyşky dynç alyş döwründe gowy dynç alyp, okuwa täze güýç bilen barylmagyna hem uly ýardam edýär.

Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda baýramçylyk çykyşlary Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyr Atabaýewiň sahnalaşdyran Etme, oglan, oýun sen!atly tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan oýny bilen başlanýar.Ildeşlerimiz baýramçylyk günlerinde teatrda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň sahnalaşdyran Durmuş diňe düýş däl, Ynam.

Umyt.Söýgi atly sahna eserlerine hem tomaşa edip bilerler. 29-njy dekabrda görkezilip başlanan bu oýunlar 31-nji dekabra çenli dowam eder.Halkyň Arkadagly zamanasy diýlip yglan edilen täze ýylyň ilkinji günlerinde, ýagny 2-nji ýanwarda Toýumyza gel, toýumyza atly sahna eseri sungat muşdaklaryna ýetiriler.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda hem baýramçylyk uly şowhuna beslenip bellenýär.Tomaşaçylar wäşi artistler bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlarynyň bilelikde taýýarlan Gülki agşamyna 29-30-njy dekabr günleri tomaşa edip bilerler.

Türkmenistanyň halk artisti Muhammetguly Kasymowyň sahnalaşdyran Ýediň enesi, Aýmämmet Işangulyýewiň Çynymy aýtsam...atly oýunlary hem teatr sungatynyň halypa-şägirtlik ýolunda sahnalaşdyrylyp, halypa artistleriň, zehinli ýaşlaryň gatnaşmagynda taýýarlanan şowly çykan sahna eserleridir.

Ýene degişli makalalar

Teatrlaryň baýramçylyk sowgatlary
“Wah, siz aýallar…” spektaklynyň premýerasy boldy
Sahnada Yşkyň gämisi
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda