Türkmenistanyň Tatarystandaky Baş konsuly ýurduň premýer ministriniň orunbasary bilen oba hojalyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Tatarystandaky Baş konsuly ýurduň premýer ministriniň orunbasary bilen oba hojalyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew bilen ýurduň premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalygy we azyk ministri Marat Zýabbarowyň arasynda geçirilen gepleşiklerde oba hojalygyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda azyk, agrosenagat, ekin önümçiligi, maldarçylyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi Türkmenistanyň Kazandaky diplomatik edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, M.Zýabbarow Türkmenistana däne, günebakar ýagy, şeker, çaga iýmiti, süýt önümleri, şol sanda poroşok süýt, peýnir we beýlekiler bilen üpjün etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Öz gezeginde G.Garaýew söhbetdeşine Türkmenistanyň oba hojalygyndaky eksport mümkinçilikleri barada habar berdi we bu ugurda hyzmatdaşlygy has giňeltmegiň maksadalaýykdygyny aýtdy.

Türkmen diplomaty mart aýynda meýilleşdirilýän söwda, ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň we Tatarystanyň oba hojalyk önümleriniň sergisini guramak baradaky teklibi aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Tatarystan Türkmenistana eksport edýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmakçy
Gazagystanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde taryhy eserler tapyldy
Russiýanyň Döwlet Dumasy teklip edilen wise-premýerleri makullady
Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
Röwşen aýakgaplary güýz-gyş möwsümi üçin aýakgaplaryň täze toplumyny hödürleýär
Röwşen aýakgaplary indi Berkarar we Gülzemin söwda-dynç alyş merkezlerindäki Maraton dükanlarynda hödürlenýär