Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri World Heritage Journey onlaýn-platformasyna ýerleşdirildi

Halkara World Heritage Journey onlaýn-platformasynda Ýewropanyň Merkezi Aziýadaky medeni miras ýylynyň halkara taraplary atly maksatnama boýunça Ýüpek ýoly barada ýörite bölüm döredildi. Bu maksatnama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär we Almatydaky ÝUNESKO-nyň Sebitleýin edarasy tarapyndan 2018-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýär.

World Heritage Journey platformasy islendik adama Bütindünýä mirasy we Ýüpek ýolunyň ugrundaky binagärlik ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Türkmenistan halkara World Heritage Journey onlaýn-platformasynda Gadymyýetiň we döwrebaplygyň birleşýän ýeri hökmünde tanyşdyrylýar. Oňa Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Beýik Ýüpek ýolunyň özboluşly oturymly ýerleri we aýry-aýry desgalary girizildi: Köneürgenç, Zarawşan-Garagum, Gadymy Merw, Nusaý we beýlekiler.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä sport žurnalistleriniň güni
Siňekler howanyň üýtgemeginiň öňünde arylardan ejiz bolup çykdy
ExxonMobil Braziliýanyň kenarlaryndan nebit tapmady
Lawrow Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Eýran Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygyny 15 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýär
Saud Arabystany 35 milliard dollara Boeing uçarlaryny satyn almakçy