15-nji dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasy şadyýan aýdymlaryň, ajaýyp sazlaryň owazynyň astynda we ýaşajyk türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren tansly kompozisiýalary bilen dürli yşyklarda ýalkym saçdy.Munuň özi uzak garaşylan, hemmeler üçin ýakymly Täze ýyl baýramynyň dabaralaryna özboluşly badalga boldy.
Baş arçanyň yşyklaryny ýakmak dabarasy her ýyl “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirilýär.Bu ýerde asylly däbe görä, giň gerimli dabaralar ýaýbaňlandyrylýar.Sekizburçly ýyldyz we “2025” ýazgy bilen bezelen, köp sanly kümüşsöw garjagazlarda, dürli öwüşgindäki yşyklarda ýalkym saçýan Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.
Arçanyň töwereginde çagalaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi, halk döredijilik we tans toparlary, toý lybaslaryny geýnen sirk hem teatr artistleri, ertekileriň gahrymanlary ýygnanyp, haýran galdyryjy çykyşlaryň başlanmagyna garaşýarlar.Aýazbaba we Garpamyk olaryň baýramçylygyna gelmäge howlugýar.
Olaryň ýoly Köpetdagyň etegindäki Arkadag şäheriniň şaýolunyň ugrunda ýerleşýän “Polatly” heýkel toplumynyň ýanynda, erteki gahrymany Akpamygyň we şadyýan Japbaklaryň ugratmagynda badalga alýar.Soňra Aýazbaba, Garpamyk, olaryň ýoldaşlary “Akhan” binasyna we Arkadag şäheriniň baş arçasy oturdylan meýdança tarap ugraýarlar.
Bu ýerde olary Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň artistleri öz baýramçylyk çykyşlary bilen garşylaýarlar.Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň talyplarydyr okuwçylary hem myhmanlar üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Ýolugruna Arkadag şäheriniň ajaýyp binalary bilen tanşan Aýazbaba we onuň dostlary her desganyň ýanynda bagtyýarlyk baradaky arzuwlar bilen garşylanyldy.
Soňra olaryň ýoly paýtagtymyz Aşgabat şäherine tarap ugur aldy.Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada oturdylan arçanyň ýanynda myhmanlary çagalar we erteki gahrymany bolan akylly Ahmet şadyýan mübäreklediler.Arçanyň ýanynda gadyrly myhmanlary döredijilik, hor toparlary sahnalaşdyrylan çykyşlary, çagalar bolsa şadyýan goşgudyr aýdymlary bilen begendirdiler.
Soňra Aýazbabanyň paýtuny “Ylham” seýilgähine tarap ýola düşýär.Bu ýerde olary Mämmetjan atly erteki gahrymany garşylaýar.Joşgunly aýdym-sazlar, gülküli sahna oýunlary ýaýbaňlandyrylyp, ýaşajyk tansçylar öz çykyşlaryny görkezýärler. “Ylham” seýilgähiniň paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň iň söýgüli ýerleriniň biridigini bellemek gerek.
Bu ýerde gezelenç etmek adama hakyky döredijilik ylhamyny bagyşlaýar.Her ýyl ýaşajyk aşgabatlylar Aýazbabany we onuň agtygy Garpamygy Baş arçanyň ýanynda garşylap, köp garaşylan myhmanlary ýurdumyzyň okgunly ösýän baş şäheriniň keşbinde geçen ýylda bolup geçen özgerişlikler bilen tanyşdyrýarlar.
Ine, bu gün hem özboluşly syýahata gatnaşyjylar “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezine baryp gördüler.Bu ýerde olary erteki gahrymany garagolja Ýartygulak garşylady.Olar Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna eserlerine we aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Soňra Aýazbabadyr Garpamyk ak paýtunda Aşyr dädäniň we paýtagtymyzyň ýaşajyk ýaşaýjylarynyň ugratmagynda iki gatly bezelen awtobusda paýtagtymyzyň baýramçylyk lybasyndaky köçeleri boýunça syýahatlaryny dowam edýärler.Dabara gatnaşyjylar belent ýaşaýyş jaýlarynyň ugry boýunça hereket edip, Aşgabadyň döwrebap binalarynyň binagärlik keşbini synladylar.
Baýramçylyk kerweni Baş arça oturdylan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyna gelýär.Ertekilerdäki ýaly jadyly görnüşler hemmeler üçin eziz bolan baýramyň golaýlap gelýändigini alamatlandyrýar.Bu ýerde döredilen “jadyly” meýdançanyň girelgesiniň ýanynda türkmen ertekileriniň, çagalaryň söýgüli multfilmleriniň gahrymanlarynyň keşpleri myhmanlarda aýratyn täsirleri galdyrýar.
Ine-de, ýurdumyzyň Baş arçasynyň öňündäki meýdançada ajaýyp dabara badalga alýar.Tamamlanyp barýan 2024-nji ýylyň we täze, 2025-nji ýylyň nyşanlarynyň keşbini janlandyran ýaşajyk artistler öz goşgularyny gyş gahrymanlaryna bagyşladylar.
Paýtagtymyzyň teatr toparlary, ýaşajyk artistler, meşhur estrada aýdymçylary taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen arçanyň töweregini ertekilerdäki ýaly baýramçylyk dünýäsine beslediler.Aýazbaba we Garpamyk dabara gatnaşýan ähli körpeleriň adyndan hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hem-de ähli türkmen halkyna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, bagtyýarlyk, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.
Bagtyýar çagalyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň rowaçlygynyň aýdyň görkezijisidir. Ösüp gelýän ýaş nesiller üçin Diýarymyzyň ähli künjeginde döwrebap mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary, sport meýdançalary, stadionlar, medeni we bilim merkezleri gurulýar.
Olarda ýaşlaryň döredijilik zehinlerini açmaklary, ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary üçin ähli zerur şertler bar. …Körpeleriň islegi bilen Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen owadan bezelen arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Şol pursat ýurdumyzyň welaýatlaryndaky şäherleriň baş meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalarynyň ählisi hem jadyly yşyklarda ýalkym saçdy.
Bu ýerlerde-de köpöwüşginli baýramçylyk çykyşlary ýerine ýetirilip, aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy. Çagalar öz şadyýan aýdymlary bilen Täze ýyl arçalarynyň daşyndan aýlandylar.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan süýjülikleriň we sowgatlaryň gowşurylmagy ýaşajyk türkmenistanlylar üçin ýatdan çykmajak pursada öwrüldi. Ýurdumyzyň Baş Täze ýyl arçasynyň ýanyndaky ilkinji dabara çagalar hor toparynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen uly konsert bilen tamamlandy.
Olar Täze ýyla bagyşlanan joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler. /* custom css */ .td_uid_15_6760188a383e7_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6760188a383e7_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }