TÜRKMENISTANYŇ TÄZE RAÝATLARYNA PASPORTLAR GOWŞURYLDY

TÜRKMENISTANYŇ TÄZE RAÝATLARYNA PASPORTLAR GOWŞURYLDY

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu çäre ýurdumyzyň halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Pasportlary gowşurmak dabarasynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize raýatlygy bolmadyk adamlaryň jemgyýetimiziň doly hukukly agzalary bolmagy, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Bellenilişi ýaly, ynsanperwerlik Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz sebitde ilkinjileriň hatarynda bu meselä aýratyn üns berip başlady.Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 32 müň 144 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Häzirki wagta çenli 5 müň 152 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Türkmenistan BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalaryna — Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda, Apatridleriň derejesi hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalara goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy, apatridlere we beýleki möhüm migrasiýa meselelerine bagyşlanan wekilçilikli forumlaryň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Şeýlelikde, şu günki waka ýurdumyzyň halkara hukugyň umumy kabul edilen kadalaryna, döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän sebit we dünýä derejesindäki ynsanperwer başlangyçlaryny ilerletmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Raýatsyzlygy aradan aýyrmak baradaky Aşgabat jarnamasy
Türkmenistan Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ähliumumy birleşmä goşuldy
Filippo Grandi: Türkmenistan raýatsyzlygy doly ýok eden dünýädäki ilkinji döwlet
BMG: Türkmenistan we Gyrgyzystan raýatsyzlygy ýok eden ilkinji ýurtlar boldy
Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi
Türkmenistana raýatsyzlygy aradan aýran ýurt hökmünde BMG tarapyndan degişli güwänama gowşuryldy