Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky täze bellenilen ilçisi Şadurdy Meredow ýurduň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowa ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy.
Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçysy penşenbe güni Türkmenistanyň täze bellenilen ilçisin Şadurdy Meredowdan ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi.
Ýeri gelende bellesek, Şadurdy Meredow 31-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Ol mundan ozal Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işleýärdi.
Türkmenistanyň Özbegistandaky ozalky ilçisi Ýazguly Mämmedow şu ýylyň iýul aýynda ýurtdaky diplomatik işini tamamlapdy.