6 10-njy mart aralygynda Germaniýanda ITB 2019 atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirildi.Oňa dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan syýahatçylyk pudagynyň 10 müň töweregi wekili gatnaşdy.Olaryň hatarynda çärä Türkmenistanyň adyndan “Ahalsyýahat”, “Aşgabatsyýahat”, “Balkansyýahat”, “Daşoguzsyýahat”, “Oguzabat”, “Güneşli syýahat” we “Bagtyýar dostlar” atly syýahatçylyk kompaniýalary gatnaşypdyr.
Neşiriň maglumatlaryna görä, serginiň dowamynda türkmen syýahatçylyk kompaniýalary sergä gatnaşyjylary Türkmenistanyň hödürleýän syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrypdyrlar.Türkmen syýahatçylyk kompaniýalary “Germaniýanyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň syýahatçylyk firmalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşdy. Şeýle-de türkmen wekiliýeti Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Azerbaýjan ýaly goňşy döwletleriň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunyň syýahatçylyk mümkinçilikleri boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda-da gepleşik geçirdiler” diýip, “Ahalsyýahat” kärhanasynyň sergä gatnaşan direktory Gurban Gurbanow aýdypdyr.
Halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň hatarynda agzalýar.Mundan ozal Türkmenistana syýahat etmäge isleg bildiren birnäçe daşary ýurtly syýahatçynyň sözlerine görä, türkmen wizasyny almak degişlilikde örän kyn bolup, ony diňe döwletiň ygtyýar beren syýahatçylyk kärhanalarynyň üsti bilen almaly.
Muňa garamazdan türkmen resmileri ýurtda syýahatçylyk pudagynyň ösýändigini aýdýarlar.Geçen ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bahargül Abdyýewa ýurdy 2019-2025-nji ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasyna sanly syýahatçylygy girizmek ugrunda guramaçylyk işleriniň alnyp barylýandygyny prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat beripdi. Ýöne sanly syýahatçylygy girizmek bilen türkmen häkimiýetleriniň anyk haýsy çareleri göz öňünde tutýandygy mälim däl.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda 6 sany döwlete degişli, 16 sany hususy eýeçilige degişli syýahatçylyk kärhanalary hereket edýär.Türkmenistana syýahat wizasyny almagyň talaplaryna laýyklykda, wiza ýüz tutýan daşary ýurtly öz ýüztutmasynda Türkmenistanyň çäginde baryp görjek ýerlerini, marşrutyny, ýaşajak otelini görkezmeli, hem-de ol ýurduň çägine gireninden ýurduň çäginden çykýança ýerli syýahatçylyk kompaniýasy tarapyndan bellenen ýolbelet bilen bile bolmaly.
Türkmenistanyň prezidenti geçirýän hökümet maslahatlarynda ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, ýurda has köp syýahatçy çekmek barada edýän talaplaryny gaýtalaýar.Türkmen hökümeti diňe bir daşary ýurtly syýahatçylyaryň ýurda girmegine däl, eýsem, adam hukuklary boýunça halkara hasabatlara hem-de ýurt barada garaşsyz habarlary çap edýän neşirleriň maglumatlaryna görä, öz raýatlarynyň daşary ýurtlara çykmagyna-da bökdençlik döredip gelýär.
Muňa iň soňky mysal, türkmenistanly garaşsyz žurnalist Soltan Açylowanyň ýurdy terk etmegine girizilen gadagançylykdyr.Ol Tbiliside geçirilýän halkara seminara gatnaşmak üçin 11-nji martda Aşgabadyň halkara aeroportuna barýar. Ýöne migrasiýa gullugynyň işgäri aerportda onuň pasportyny alyp, garaşmagy soraýar. Ýarym sagat soň işgär dolanyp gelýär hem-de Açylowa ýurtdan çykmaga rugsat berilmeýändigini aýdýar.
Bu barada "Türkmenistanyň hronikasy" neşiri habar berýär.Açylowa ir döwürlerden 2018-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli Azatlyk Radiosy bilen hem hyzmatdaşlyk edipdi.Türkmenistanyň syýahatçylyk ýerleri barada aýdylanda, ýurtda daşary ýurtly syýahatçylaryň “Dowzasyň derwezesi” atlandyrýan Derweze gaz krateri, “Köwata” ýerasty köli, Merwiň, Nusaýyň, Dehistanyň we Köneürgenjiň gadymy ýadygärlikleri we şulara meňzeş başga-da käbir syýahatçylyk ýerleri bar.