Türkmenistanyň syýahatçylyk agentlikleriniň wekillerinden ybarat topar Türkiýäniň Şanliurfa we Gaziantep şäherlerine tanyşlyk saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksady bu şäherleriň gözel ýerleri bilen tanyşmakdan hem-de bu sebitleriň syýahatçylyk mümkinçiliklerine baha bermekden ybaratdyr. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Turkmenportala habar berildi.
Wekiliýet ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan Şanliurfadaky Gobeklitepäniň gadymy arheologiki ýadygärligine baryp gördi. Bu şäher Gastronomiýanyň paýtagty hökmünde hem bellidir we ÝUNESKO-nyň Gastronomiýa üçin döredijilik şäherler ulgamyna girizilen ilkinji türk şäheridir. Gaziantepde türkmen wejikiýetiniň agzalary dünýäniň iň uly mozaika muzeýi bolan Zewgme bilen tanyşdylar.
Turkish Airlines awiakompaniýasy hem-de Türkiýäniň Syýahatçylygy ösdürmek we mahabatlandyrmak agentligi tarapyndan guralan saparyň dowamynda oňa gatnaşyjylar baryp gören ýerleriniň täsin tagamlary we medeni mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem maglumat alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen işewür duşuşyklar geçirildi.