“Daşoguz” şypahanasy Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak ulgamynda ajaýyp üstünlikleri gazanyp, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz şypahana-dynç alyş ulgamyny ösdürmäge uly üns berýär.
Daşoguz welaýatynyň merkezinden 12 kilometr uzaklykda, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň çäginde ýerleşýän Daşoguz şypahanasy ýurdumyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir.Bu ýerde şu ýylyň birinji ýarymynda 4 müňden gowrak adamyň dynç almagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 500 adamdan gowrak köpdür.Umuman, ýylyň dowamynda saglygyny berkitmek üçin bu ýere 10 müňe golaý adam gelýär. Şypahananyň taryhy 1988-nji ýyldan başlanýar.
Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2014-nji ýylda ýokary hyzmatly döwrebap şypahana derejesi berildi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň şypahana-dynç alyş ulgamynyň binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, bu ýerde 200 orunlyk täze bina guruldy.
Bu ýerde dynç alýanlar üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän 1 we 2 adam üçin niýetlenen otaglar hem-de lýuks derejeli otaglar göz öňünde tutulandyr. Şypahananyň çäginde dermanhana, amfiteatr, sport meýdançalar, dükan, fitobar ýerleşýär.
Bu ýerde dermanlyk içgiler, bejeriş ähmiýeti bolan çaýlar we dürli otlardan taýýarlanylýan içgiler hödürlenilýär. Şypahananyň anyklaýyş we bejeriş bölümleri Germaniýanyň Siemens, HabHerman, Human, ABŞ-nyň Akwamassaž, Beýik Britaniýanyň BTL, Italiýanyň Fazzini, Slowakiýanyň Mediprogres ýaly lukmançylyk tehnikalaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy düzümleriň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Şypahanada işjeň ulanylýan bejerişiň innowasion usullarynyň biri-de aromaterapiýadyr.
Köp sanly keselleriň öňüni almakda we bejermekde bu usul ýurdumyzda ilkinji gezek Daşoguz şypahanasynda ulanylyp başlandy.Bejerişiň esasy ähmiýeti adamyň endamyna ýörite enjamlar arkaly ýurdumyzyň çäginde ösýän ösümliklerden ýakymly ysy bolan serişdeleriň üsti bilen täsir etmekden ybaratdyr. Şol ösümlikler Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň köp ýurtlarynda giňden meşhur bolan ensiklopedik işinde ylmy taýdan yzygiderli we jikme-jik beýan edildi.
Umuman, häzirki döwürde bu ýerde dürli keselleri bejermegiň 15-den gowrak görnüşi, lukmançylyk-şypahana ulgamynyň öňdebaryjy tejribesi işjeň ulanylýar. Şypahanada dürli ugurlar boýunça ýokary hünärli lukmanlar işleýärler.Bu ýerde rentgenografiýa, endoskopiýa, kolonoskopiýa, ultrasesli barlaglar, elektrokardiografiýa, stomatologiýa, ginekologiýa, iç keseller bölümleri hereket edýär. Ýod-brom, mineral suwlar ýaly bejeriş serişdelerine baý bolan 1200 metr çuňlukdaky mineral suwly çeşme bu şypahananyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Şypahananyň suwunyň düzüminde Na+K, Ca, Mg, HI, SO4, NO2, CO3+HO3, H2 SiO4, Fe, CO2, Pb, Zn, Cu, As, F, Cr, Mn, Se, Mo, AI, Be, I, B, Br, Ra, U ýaly elementler bar. Şolaryň minerallaşma derejesi 80,82
gr/dm3 barabardyr.Suwuň hemişelik ýylylyk derejesi 54 gradusa, akymyň tizligi sekuntda 5 litre barabardyr.Bu bolsa artroz, artrit, poliartrit, osteohondroz, radikulit, nerw periferi kesellerini, endokrin ulgamyny we beýlekileri bejermek üçin ýokary derejeli minerallaşdyrylan suwy giňden ulanmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde gidroterapiýa esasy orny eýeleýär. Şypahanada ýörite enjamlaşdyrylan wannaly otaglar, dürli suw bilen bejeriş çärelerini kabul etmek üçin niýetlenen howuzlar we beýlekiler bar.
Bu ýerde akwakapsula gurnamasy hereket edýär.Suw çüwdürimleriniň kömegi arkaly gury akwamassaž diýlip atlandyrylýan usul ýerine ýetirilýär.Ol ýürek-damar, nerw, endokrin, ginekologiýa, proktologiýa, deri keselleri, daýanç-hereketlendiriji ugurlaryndaky keselleri bejermekde ulanylýar.
Suwuň astynda oňurga süňklerini bejermek üçin ýörite enjamlar dynç alýanlaryň hyzmatyndadyr. Şypahanada derman serişdesiz terapiýa usulyny ulanýan bölüm hereket edýär.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu usulyň dürli görnüşleri derman serişdeleriniň ornuny tutýar ýa-da şolary ulanmak zerurlygyny çäklendirýär. Şeýle hem ol patologik ýagdaýa dürli ugurlar boýunça täsir edýär hem-de beden sazlaşygyň ýiten ýerlerini dikeldýär, bedeniň dürli ýerlerindäki näsazlygyň kadalaşdyrylmagyny şertlendirýär, bedeniň funksional ýagdaýyny gowulandyrýar we onuň gorag güýjüni işjeňleşdirýär.
Sagaldyş we ozono-terapiýa ugurlary bejerişiň netijeli usullary hasaplanylýar.Bu ýerde ulanylýan ýörite ozonlaşdyrylan fiziologik erginiň üsti bilen içki damjalaýyş usulyny ulanmak howa çalşygyny dikeltmäge, gormonal näsazlygy kadalaşdyrmaga, serişde alyş-çalşy işjeňleşdirmäge, immuniteti, antiwirus, antibakterial çärelerini we sowuklama garşy usullary ulanmaga mümkinçilik berýär.
Dem alyş, merkezi hem-de daşky nerw keselini, endokrin ulgamyny, ýokanç keselleri, ýiti we uzakmöhletli somatik keselleri bejermäge mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, şypahanada emeli döredilen mikroklimat, ýerasty duzly gowak şertlerini, ýörite bejeriş usullary ulanmak arkaly, esasan, bejerijilik ukyby bolan duzlaryň esaslaryna daýanýan gallaterapiýa giňden ulanylýar. Şu bejeriş çärelerini geçirmek üçin niýetlenen otaglaryň diwarlaryna we düşegine köp gatly duz örtügi düşeldi. Şunda, bejeriş döwründe ýörite gurnamalaryň kömegi arkaly otaglar dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan suwuklyklaryň bugy bilen doldurylýar.
Daşoguz şypahanasynyň gurluşygynyň barşynda, soňra bolsa onuň dabaraly açylyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parafin, ozokerit we ägirt uly fermentleriň, mikroelementleriň, mineral duzlaryň kömegi arkaly keselleri bejermegiň netijeliligini belledi.Munuň özi serişde çalşygyny üpjün edýär, süňkleriň, bogunlaryň agyrysyny peseldýär, derini gowy arassalaýar, bedenden şlaklary, toksinleri çykarýar, nerw we endokrin ulgamlarynyň işini ýeňilleşdirýär.
Bu ýerde SPA boýunça sagaldyş çärelerini ýerine ýetirmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Ýörite maksatnama arassa howanyň mukdaryny kesgitlemäge, ýakymly ýaglaryň görnüşlerini anyklamaga, yşyklandyryşyň reňklerini we ýagtylygyny kadalaşdyrmaga, sazyň owazyny we onuň sesiniň derejesini sazlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Munuň özi bejerişiň has netijeli bolmagyny üpjün edýär.Bu usul nerw, ýürek-damar, endokrin ulgamlarynyň, içki agzalaryň kesellerini bejermekde, kosmetologiýada netijeli ulanylýar.Daýanç-hereket ediş ulgamyny, newritleri, newrolgiýany bejermekde, posttrawmatika, agyryly sindromlaryň bejergisinde krioterapiýa ýa-da sowuk bejeriş usuly ulanylýar.
Munuň özi bedeniň mümkinçiliklerini işjeňleşdirýär hem-de içki agzalaryň işini höweslendirýär. “Daşoguz” şypahanasynda näsaglary tiz bejermek üçin ähli zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän bejeriji mineral suwlarynyň, häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň we ýokary derejeli hünärmenleriň bolmagy bu ýerde dynç alýanlara dünýä şypahana ulgamynyň hyzmatlarynyň ýokary derejesini hödürlemäge oňyn şerti üpjün edýär.
Farap şypahanasy Soňky on ýylyň içinde ýurdumyzyň gündogar sebitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan Saglyk Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap desgalarynyň köp sanlysy — hassahanalar, saglyk öýleri, bejeriş merkezleri, şol sanda Merkezi Aziýada iri desgalaryň biri — Türkmenabat şäherindäki 836 orunlyk köpugurly hassahana guruldy we ulanylmaga berildi.
Durky düýpli täzelenip, döwrebaplaşdyrylandan soň, 2010-njy ýylyň 21-nji iýulynda Amyderýanyň sag kenarynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Farap” şypahanasynyň ulanylmaga berilmegi ýokarda agzalan maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 1986-njy ýyldan bäri mineral çeşmeleriň binýadynda hereket eden, ozal uly bolmadyk şypahana milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda iri döwrebap şypahanalaryň birine öwrülip, öz durkuny düýpli täzeledi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda täze binalaryň birnäçesi, şol sanda 250 orunlyk bejeriş binasy guruldy hem-de saglygyny berkitmäge gelýän adamlara ýokary derejeli bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny etmek üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Şypahanada anyklaýyş we bejeriş bölümleri, suw bilen bejeriş bölümi bar.
Anyklaýyş bölüminde özboluşly rentgen, endoskopiki enjam, UZI, EKG enjamlary oturdyldy.Bejeriş bölüminde fizioterapiýa, owkalaýyş, iňňe bilen bejeriş, içege kesellerini bejeriş otaglary hem-de bejeriş-bedenterbiýe otagy hereket edýär.
Bu ýerde diş we göz lukmanlaryna ýüz tutmak bolýar. Şypahanada ýokary halkara ölçeglerinde degişli hyzmatlary hödürleýän köpugurly lukmançylyk düzümi döredildi.Bejeriş otaglarynyň toplumy dünýäniň belli önüm öndürijileriniň lukmançylyk enjamlary, bejeriş wannalary üçin abzallar bilen üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Farap şypahanasy geçen asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrynda gidrogeologlar tarapyndan açylan mineral suwlarynyň ýerasty çeşmesiniň binýadynda hereket edýär.Suwuň hemişelik temperaturasy 39 gradus.
Onuň düzüminde himiki mikroelementleriň we birleşmeleriň otuzdan gowragy, şol sanda ýod, brom, magniý, natriniň gidrokarbonaty, kükürtli wodorod, demir, natriniň sulfaty hem-de beýlekiler bar. Ýod, brom himiki elementleri, mineral duzlar kislorod bilen birleşip, suwuň reňkine sarymtyl öwüşgin çaýýar.
Suwuň melhemlik häsiýetleri guragyryny, nerw ulgamynyň kesellerini, daýanç-hereket ediş, içege, bagyr, öt, ýürek-damar, deri we beýleki keselleri bejermekde netijeli kömek edýär.Bu ýere dynç almaga gelýänleriň hyzmatynda kükürtli suw we ýodbromly suw hem-de Şarko duşy, sirkulýar duşy bilen bejeriş otaglary, bejeriş wannalary, suw bilen owkalaýyş bölümleri bar.
Wannalar kabul edilende, rahatlandyryjy täsir ýurdumyzyň çäginde ösýän ösümlikleriň erginlerini peýdalanmagyň hasabyna gazanylýar. Şol ösümlikler barada Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly düýpli işinde jikme-jik beýan edilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň, diýmek, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň möhüm görkezijileriniň biridir.Hünärmenler bejeriş-öňüni alyş işini kämilleşdirmegiň dürli mümkinçiliklerini özleşdirýärler. Ýakynda bu ýerde täze bölüm — galo terapiýa usuly bilen bejeriş bölümi açyldy, munuň üçin duzly gowak döredildi.
Ony döretmek üçin Lebabyň günorta-gündogar böleginde Köýtendag etrabynyň daglyk ülkesinden ak tegmilli gyzylymtyl-goňur reňkli iri daşlar getirildi, Türkmenabatda ýerleşen degişli barlaghanalarda zerur seljerme we barlag işleri geçirildi.
Duzly gowakda näsaglar ýodlaşdyrylan iri nahar duzunyň ýere sepilen gatlagynda aýakýalaňaç ýöreýärler.Kameranyň merkezinde duzly daşlar tebigy görnüşinde ýerleşdirildi.Bejeriş çäresi 20 minut dowam edýär.Tejribäniň görkezişi ýaly, galo terapiýanyň ulanylmagy dem alyş ýollarynyň kesellerini bejermekde aýratyn oňat netije berýär.
Farap şypahanasynyň bagy-bossanlyga bürenen çäginde diňe bejergi almak üçin däl-de, eýsem, adamlaryň ýaşamagy we dynç almagy üçin hem amatly şertler döredildi.Iki adam üçin niýetlenen otaglar, döwrebap amatlyklar bilen üpjün edildi. Şypahananyň binalary howany salkynladyş we ýyladyş merkezleşdirilen ulgam bilen enjamlaşdyryldy.
Tagamly naharlar, baglaryň saýasynda dynç almak, medeni çäreler bu ýere gelýänlerde uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.Fitoterapiýa otagynda, ýörite fitobarda adamlar bereketli türkmen topragynda ösýän otlardan taýýarlanylan melhem suwlardan, bejeriş çaýlaryndan, şerbetlerden içip bilýärler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmenler ençeme asyrlaryň dowamynda milli lukmançylykda ösümliklerden üstünlikli peýdalanypdyrlar.Amyderýanyň kenaryndaky şypahanada Türkmenistanyň ähli sebitlerinden adamlar saglygyny berkidip, güýç toplap, dynç alýarlar.
Olaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar. 2018-nji ýylda bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden adamlaryň 7 müň 600-den gowragynyň, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany diýlip yglan edilen ýylyň birinji ýarymynda bolsa, 3 müň 750-ä golaý adamyň saglygyny berkidendigini bellemelidiris. Şeýlelikde, halkymyzyň, her bir raýatymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns berýän ulgamy bolup durýar.