Sanatoriýa-şypahana ulgamy — Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm bölegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet durmuş syýasatynyň ähmiýetli ugry bolup durýar. Bu gün ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar bolup, olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar.
Türkmenistanyň çäklerinden alyslarda hem tanalýan Arçman we Ýyly suw şypahanalary Köpetdagyň gözel künjeginde, Aşgabatdan 130 kilometr günbatarda ýerleşýär.
Arçmanyň jana şypaly suwy baradaky rowaýatlar köp wagtdan bäri bellidir. Şypahananyň özi ýüz ýyldan gowrak mundan öň esaslandyrylyp, ol ýerli ilatyň, ýakyn we alys ýurtlardan bolan myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen durkuny düýpli täzelemek işlerinden soň, welaýatyň meşhur şypahanalarynyň biri döwrebap şypahana-sagaldyş merkezine öwrülip, tutuş ýylyň dowamynda müşderileri kabul etmek mümkinçiligine eýe boldy. Olara dünýä derejesinde lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek bilen, ýaşamak üçin hem amatly şertleri döredýär.
Şypahana deri kesellerinden, iýmit siňdiriş, ýürek-damar we nerw ulgamy, öt çykaryjy ýollary we daýanç-hereket ediş ulgamlarynyň kesellerinden ejir çekýän adamlary bejermäge ýöriteleşdirilendir.
Şypahananyň dermanlyk suwy esasy bejeriş şerti bolup, onuň düzüminde himiki elementleriň 24-si kesgitlenildi.Suwdaky kükürt wodorodynyň derejesi ony bejeriş hem-de agyz suwlarynyň hataryna degişli etmäge mümkinçilik berýär.
Arçmanyň pes aşgarly ýyly mineral suwunyň artykmaçlygy ony içmek üçin, şeýle hem suw bilen bejermek kadalaryny geçirmek üçin ulanyp bolýanlygyndan ybaratdyr.Suwdan başga-da, bu ýeriň jana şypaly howasy bar.
Dag eteginiň ionlara baý howasy adam bedenine oňaýly täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Deňiz derejesinden 160 metrden gowrak beýiklikde, Köpetdagyň demirgazyk eteginde ýerleşen şypahananyň düzüminde dynç alýanlar üçin köp gatly binalaryň birnäçesi bar.Bu ýerde maslahat beriş-anyklaýyş, bejeriş we suw bilen bejermek üçin ähli şertler döredildi.
Ultra sesli, elektrokardiologiýa, endoskopiki we bronhoskopiki, şeýle hem rentgen barlaglaryndan geçip bolýar.Endoskopiýa, UZI, EKG, fizioterapiýa, owkalaýyş we bejeriş bedenterbiýesi otaglary hereket edýär.Bu ýere gelenleri dürli lukmançylyk hünärmenleri — stomatolog, okulist, LOR-lukmany, gastroenterolog we beýlekiler kabul edýär.
Bulardan başga-da, şypahanada döwrebap enjamlaryň bolmagy netijesinde bejermegiň mehanoterapiýa we yşyk bilen bejeriş, elektroson we magnitoterapiýa, iňňeler bilen bejeriş hem-de darsenwal tolkunlary, parafin bilen bejeriş hem-de şöhleli wannalar we beýleki usullar ulanylýar. Suw bilen bejeriş otaglary duşuň ähli görnüşlerini, şol sanda Şarko, kontrast, aýlawly, ýokary galdyrýan duş, suw bilen owkalamagyň görnüşlerini hödürleýär.
Umuman, bu ýerde ähli zat — täsin suw, arassa dag howasy we elbetde, saglygy goraýyş işgärleriniň ýokary hünär taýýarlygy näsaglaryň tiz sagalmagyna ýardam edýär.
Ýyly suw şypahanasynyň hem tebigy çeşmeleriniň bejeriş häsiýetleri ýurdumyzyň hünärmenleri tarapyndan düýpli öwrenildi. Ýerastyndan çykýan 46 derejeli gyzgynlykdaky kükürtli suwlaryň kömegi bilen, bu ýerde dürli keselleri, şol sanda daýanç-hereket ediş ulgamynyň, nerwperiferiýa we endokrin ulgamynyň bozulmagy bilen bagly bolan dürli keselleri bejerýärler.
Melhem çeşmeleri ýod we bron düzümli mineral suwuny hem çykaryp, ol aşgazan-içege, öt halta, bagyr, aşgazan asty mäz, sowuklama keselleri bejerilende ulanylýar.
Mälim bolşy ýaly, durky doly täzelenen şypahananyň açylyş dabarasy 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda boldy.Birbada 80 adamyny kabul edip bilýän täze bina özünde anyklaýyş-bejeriş hem-de suw bilen bejeriş bölümlerini birleşdirip, döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi.
Ultrasesli barlag, endoskopiýa, fizioterapiýa we suw bilen bejeriş otaglarynda Siemens german kompaniýasynyň lukmançylyk we anyklaýyş tehnikalary ulanylýar.Balneologiýa bölüminde wannalar, şol sanda owkalaýyş wannalary ýerleşdirilip, suw bilen bejeriş usullarynyň ähli görnüşleri hödürlenilýär.
Mundan başga-da, şypahanada klinika-biohimiýa barlaghanasy hereket edip, ol dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edildi.
2011-nji ýylda bolsa, bu şypahananyň düzümine ýene-de bir bina — 200 orunlyk jaý goşulyp, amatly dynç almak hem-de saglygyny dikeltmek isleýän adamlar üçin hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we mümkinçiligini artdyrdy.
Şypahananyň täze ak mermerli binasynda anyklaýyş, suw bilen bejeriş we sagaldyş bölümleri göz öňünde tutuldy.Binanyň birinji gatynda innowasion ýokary takyk enjamlar bilen üpjün edilen EKG otaglary, ultrasesli barlag, endoskopiýa we klinika-biohimiýa barlaghanalary ýerleşdirildi.
Bu ýerde terapewt, otolaringolog, newropatolog, stomatolog ýaly hünärli lukmanlaryň maslahatlaryny almak bolýar.Bejeriş-bedenterbiýe otagy ylgaw ýodajyklary, welotrenažýorler we beýleki döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edildi.Bejeriş massažy üçin otaglaryň ikisi göz öňünde tutuldy.
Bu binanyň ýokarky gatlary müşderileriň sagaldyş we lukmançylyk kadalaryny kabul etmegi, saglygyny dikeltmegi we dynç almagy üçin niýetlenendir. Bu ýerde dynç alýanlaryň, şeýle hem maşgala bolup dynç alýanlaryň amatly ýaşamagy üçin ähli şertleri üpjün edýän bir, iki, üç we dört orunlyk ýagty hem giň otaglar ýerleşdirildi.
Bejeriş we öňüni alyş edaralaryň ýokary tehnologik üpjünçiligi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üýtgewsiz talaby bolup durýar. Şypahanada Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Slowakiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan täze lukmançylyk enjamlarynyň oturdylmagy, şeýle hem bejermegiň döwrebap usullarynyň ulanylmagy netijesinde, onda fizioterapiýa we suw bilen bejeriş, dürli keselleri öz wagtynda ýüze çykarmak we öňüni almak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek üçin ähli mümkinçilikler döredildi.
Bu ýerde işleýän lukmançylyk işgärleriniň ýörite taýýarlyk geçendigini bellemek gerek, şonuň üçin hem Ýyly suwda hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlary halkara ölçeglere kybap gelip, dünýäniň iň gowy şypahanalaryndan pesde durmaýar.
Arçman we Ýyly suw şypahanalarynda howa bilen bejeriş, balneofizioterapiýa bilen bir hatarda, bereketli türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri peýdalanmak bilen, fizioterapiýa usullary ulanylýar. Olar barada Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly ylmy işinde jikme-jik gürrüň berilýär.
Adamlar ösümlikleriň melhemlik güýjüni gadymy döwürlerde açypdyrlar hem-de olary dürli keselleri bejermek üçin ulanypdyrlar. Häzir asyrlaryň dowamynda toplanan hem-de nesilden-nesle aýawly geçirilýän tebipleriň tejribesi ýurdumyzda öz ähmiýetini ýitirmän, eýsem, döwrebap ylymda we tejribede zerur bolup durýar.
Türkmenistanda döredilýän düýbünden täze sanatoriýa-şypahana bejeriş we sagaldyş ulgamy ilatyň saglygyny netijeli berkitmegiň umumy düzüminiň bir bölegi bolup, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň tejribesinden iň gowularyny öz içine alýar. Türkmen şypahanalary bejeriş we sagaldyş işlerini guramak nukdaýnazaryndan bu gün dünýä derejesine çykýar, şol sanda lukmançylyk hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň melhemlik serişdeleriniň eksport gymmatyny artdyrýar.
Türkmen topragy saglygy dikeltmek we goramak üçin özünde ägirt uly güýçleri jemleýän hakyky melhemler mekany bolup durýar. Şeýle çeşmeleriň käbiri indi açylar, beýlekileri keselleri bejermek üçin netijeliligini ýüze çykarmak maksady bilen, ylmy-barlaglaryň we tejribeleriň geçirilmegine garaşýar. Olar Köýtendagyň astynda, Sünt-Hasardag jülgelerinde, Garagumuň yssy gujagynda, Bathyz düzlüginde ýerleşen mineral çeşmelerdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan — melhemler mekany atly işi ýerli tebigy çeşmeleriň baý bejeriş kuwwatynyň binýadynda şypahanalary ösdürmek meselelerine bagyşlanyp, halkara möçberdäki şypahana hökmünde ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezýär.