Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory Çaryýar Jumaýew bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda, ýokary okuw mekdebiň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, halypa Çaryýar Jumaýew bilen saz-söhbetli, döredijilikli duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ilki bilen, halypanyň ömür ýoly barada aýdylyp geçildi. Monitor ekranda halypanyň çagalyk, ýaşlyk ýyllarynda düşen suratlary görkezildi. Suratlar görkezilen wagty halypa öz ýatlamalaryny paýlaşdy.

Döredijilik duşuşygyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Öwezmyrat Gandymow hem myhman bolup, halypanyň türkmen saz sungatynda bitiren hyzmatlary barada belläp geçdi.tgaşdyrmak, Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak, biologik serişdelerini aýawly saklamak bilen bagly durmuşa geçirilýän çärelere we öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetine üns çekildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň halk artisti, birnäçe baýraklaryň eýesi Daňatar Hydyrow halypa bilen ilkinji tanyşlygyny, hem-de onuň bilen birnäçe ýatlamalaryny gürrüň berdi.

Döredijilik duşuşygynyň konserwatoriýanyň saz mugallymçylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow alyp bardy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ussat sazanda, halypa mugallymyň ýagty ýadygärligine geçirilen konsert
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Huseýin Awni Byçakly konserwatoriýada myhmançylykda bolmagy
7-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti