Türkmenistanyň sungat ussatlary Wenada gala konsertini geçirdiler

Türkmenistanyň sungat ussatlary Wenada gala konsertini geçirdiler

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde türkmen edebiýatynyň görnükli wekili, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dogan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap gala konserti bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Atajan Berdiýew, Garýagdy Saryýew, şeýle-de Leýli Ökdirowa akyldar şahymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri aýdymçylara sazandarlyk etdiler. Kamera orkestri gala konsertiniň dowamynda Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň, Haýdar Allanurowyň we beýleki görnükli kompozitorlaryň sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Wena şäherindäki Ehrbar Saal konsert zalynda türkmenistanly sazandalar orkestr bilen birlikde, türkmeniň milli saz guraly bolan dutar hem-de gyjakda birnäçe sazlary ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen sazlar konserte tomaşa etmäge gelen myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Gala konserti Gel, Türkmenistana! atly aýdym bilen tamamlandy. Aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowa bilelikde ýerine ýetirdiler.

Wenada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary Ýewropa jemgyýetçiliginiň türkmen halkynyň baý medeni mirasyna bolan gyzyklanmasynyň has-da artýandygyna şaýatlyk etdi. Bu gala konserti iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösmegi ugrundaky möhüm waka boldy, şeýle-de Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam etdi.

Ýene degişli makalalar

Begenç we Mähri Moşiýewleriň maşgala konserti
Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Türkmen milli konserwatoriýasynda döredijilik hepdeligi geçirildi
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti
"Kamera, motor!". Aşgabadyň ýaşaýjylary meşhur filmlerden aýdymlary diňlediler
31-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti