Türkmenistanyň sudýalaryny we prokurorlaryny wezipä bellemek we boşatmak baradaky karara gol çekildi

3-nji oktýabrda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň prezidentiň gatnaşmagynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Ýokary suduň başlygy Gylyçmyrat Hallyýew sud organlarynyň şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlaryndaky işlerini jemleri barada hasabat berdi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Mejlisde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “sudlar tarapyndan kabul edilýän kararlarda kanunçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçilik edilmeginiň wajyplygyny nygtady we Türkmenistanyň sudýalaryny wezipä bellemek hem-de boşatmak hakyndaky karara gol çekdi”.

Ýurduň Baş prokurory Batyr Atdaýewiň hasabatyny diňläp, prezident prokurorlary wezipä bellemek we boşatmak baradaky dokumentlere gol çekdi.

“Türkmenistan: Altyn asyr” saýty weipä bellenen sudýalaryň we prokurorlaryň sanawyny çap etdi.

Prrezident Gurbanguly Berdimuhadow öz kararlary bilen şeýle karar etdi:

Begenç Gurbangeldiýewiç Hojamgulyýewi Türkmenistanyň Ýokary sudunyň sudýalygyna belläp, Türkmenistanyň Ýokary sudunyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Annamyrat Geldimyradowiç Saryýewi Mary welaýatynyň Baýramaly şäher sudunyň başlyklygyna belläp, Mary welaýatynyň Murgap etrap sudunyň sudýalygyndan boşatmaly;

Ýazmyrat Rozyýewç Jepbarowy Mary welaýatynyň Garagum etrap sudunyň sudýasy weziňpesinden boşatmaly;

Kakamyrat Kakajanowiç Hojageldiýewi Ahal welaýatynyň Sarahs etrap sudunyň sudýasy wezipesinden boşatmaly;

Toýly Orazgulyýewiç Annagulyýewi başga işe geçýänligi sebäpli Daşoguz welaýat sudunyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Döwletmuhammet Bäşimmuhemmedowiç Murrikowy Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine bellemi;

başga işe geçýänligi sebäpli 1-nji klasly ýurist Agarejep Babanyýazowiç Kurdowy Türkmenbadyň jeza beriş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik prokurory wezipesinden boşatmaly;

2-nji klasly ýuris Ahmet Berdimygadowiç Annamyradowy Türkmenbadyň jeza beriş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik prokurory wezipesine bellemeli.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
TÝL ― 2023: 8-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
Telekeçiniň işi ileri
Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi
Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýew Aşgabadyň prokurory wezipesine bellenildi
11.01.2018 | Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek hakyndaky çözgütleri kabul etdi