“Türkmenistanyň senagaty” žurnalynyň ilkinji sany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine ýokary baha berýär. Muňa ýurdumyzda pudaklaýyn gazetdir žurnallaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy hem şaýatlyk edýär.

Pudaklaýyn neşirler degişli ulgamda durmuşa geçirilýän döwrebap işleri, täzelikleri beýan edip, döwlet syýasatyny halk köpçüligine ýetirýärler.

Ilkinji sany okyjylara gowşan “Türkmenistanyň senagaty” ylmy-tehniki žurnaly-da hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyny özüne ýol-ýörelge edinip, ýurdumyzyň senagat ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleri beýan eder.

Žurnalyň bu sanynyň daşky sahabyny hormatly Prezidentimiziň sebitde deňi-taýy bolmadyk “Türkmen aýna önümleri” kombinatynyň ulanmaga berilen pursadynda alnan suraty bezeýär. Neşir pudagyň agzybir işgärleriniň hormatly Prezidentimize hormat-sarpasyny beýan edýän makala bilen açylýar.

Belli bolşy ýaly, ýurt Baştutanymyz döwlet işiniň daşyndan ylmy we çeper döredijilik işini-de dowam etdirýär. Golaýda hormatly Prezidentimiziň çuňňur many-mazmuna ýugrulan, terbiýeleýjilik häsiýetli ýene bir ajaýyp eseri — Enä tagzym — mukaddeslige tagzym atly kitaby okyjylara gowuşdy. Bu nusgalyk kitabyň many-mazmunyny okyjylara ýetirmek maksady bilen täze neşiriň ilkinji sanynda “Dünýä edebiýatyna mynasyp goşant” diýen makala ýerleşdirildi.

Ylmy-tehniki häsiýetli täze neşirde ylmy makalalary, gysgajyk pähimlery çap etmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşyň dürli ugurlaryna degişli pähimleri taryh, filologiýa, filosofiýa we beýleki jemgyýetçilik ylymlary bilen meşgullanýan hünärmenler üçin gymmatly çeşme bolar.

Hormatly Prezidentimiz ylym bilen önümçiligiň sazlaşykly guralmagyna-da aýratyn üns berýär. Döwlet syýasatyndan ugur alnyp, alymlaryň önümçilikde zähmet çekýän hünärmenler bilen ýakyn gatnaşygy ýola goýuldy. Žurnalda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň alyp barýan işleri barada “Önümleriň assortimenti köpelýär” ady bilen makala berildi.

Täze žurnal Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen ulanylmaga berlen ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş we täze jaýlaryň düýbüniň tutulyş dabarasy bilen bagly habara-da öz sahypasynda orun berdi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak syýasatyndan ugur alnyp, senagat kärhanalary gurlup, işe girizildi. “Türkmen aýna önümleri” kombinaty-da şolaryň biridir. Žurnalda bu kärhana barada-da makala çap edildi.

Ýurdumyzda giň gerimde dowam edýän gurluşyk işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagynda welaýatlarymyzdaky sement zawodlarynyň ähmiýeti ulydyr. Ýyllyk tabşyrygy yzygiderli amal edýän şeýle kärhanalaryň biri-de Balkan sement zawodydyr. Täze neşirde bu ýerde alnyp barylýan işler barada makala ýerleşdirildi.

Dokma senagaty-da ýokary depginli ösýän pudaklaryň biridir.Pudakda daşary ýurtlarda öndürilýän ýokary hilli önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligi ýola goýuldy. Şonuň ýaly-da, önümçiligi has-da giňeltmek we ilatyň artýan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda pagtany gaýtadan işleýän fabrikler toplumy gurulýar.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Babadaýhan we Kaka etraplarynda şeýle toplumlaryň gurluşygy alnyp barylýar.Täze žurnalyň ilkinji sanynda bu kärhanalar barada hem makala çap edildi.

Dürli pudaklaryň ösüşini wagyz edýän sergiler we olaryň çäginde guralýan ylmy maslahatlar indi däbe öwrüldi. Bu çäreler döwletleriň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň geriminiň giňemegine ýardam edýär. Şeýle sergileriň biri-de şu ýylyň maý aýynda gurnalyp, onda ýurdumyzyň dokma senagatynda hem-de haly sungatynda ýetilen belent sepgitler görkezildi. Bular baradaky habarlar hem žurnalda öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzda dürli maksatly zawod-fabrikler hereket edip, olar ykdysady ösüşe mynasyp goşant goşýarlar. Şeýle kärhanalaryň hatarynda “Marykarbamid”, “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň düzümindäki Aşgabadyň “Iri panelli jaý gurluşyk” zawodlaryny, Gökdepe etrabyndaky “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini görkezmek bolar. Žurnal bu kärhanalar baradaky maglumatlary-da öz okyjylaryna ýetirýär.

Türkmen dilindäki makalalaryň ählisiniň rus we iňlis dillerinde hem çap edilmegi, täze önümleriň mahabatlarynyň berilmegi žurnalyň gymmatyny has-da artdyrýar.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Gökdepe etrabyndaky mermer we granit işlenilýän zawodda 263,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi
Türkmenmermer kärhanasy: tebigy daşdan döwrebap örtgi materiallary
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi