Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy wise-premýer wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy wise-premýer wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nökerguly Hojagulyýewiç Atagulyýew 6 aý synag möhleti bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenildi.Ozal habar berşimiz ýaly, Batyr Atdaýew, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy, ýagny ýurduň söwda toplumynyň işini ýola goýmakda birnäçe kemçiliklere ýol berendigini üçin, wise-premýer wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda gol çekdi diýip, Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
Wise-premýer B.Atdaýew söwda toplumynda kemçiliklere ýol berendigi üçin wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumy boýunça täze wise-premýer belledi
Türkmenistanda täze söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bellenildi
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy
Ýer-suw meselesi, emeldar çalyşmalarynyň aýdylmaýan sebäbi köp sorag döredýär