Şu gün Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini şöhlelendirýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Gözden geçirilişiň çäklerinde maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, onuň milli maksatnamalary, şeýle hem hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň innowasion ösüşlerine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan saldamly goşandyny görkezýär.
Döwletiň işjeň höweslendiriji goldawy esasynda türkmen telekeçiliginiň ösüş depginini aşakdaky görkezijiler hem subut edýär. Diňe geçen 2023-nji ýylda TSTB-niň kärhanalary tarapyndan öndürilen oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberleriniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümleriniňki bolsa 106,7 göterime ýetdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi şeýle statistika görkezijileri bilen nobatdaky ýylyna ýetdi. Ýerine ýetirilen bu möhüm we zerur işleriň sakasynda bolsa sarp edilen ummasyz güýç durandyr.
Forumyň açylyş dabarasyna Hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, şeýle hem Türkmenistanda akkreditirlenen dürli ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Geçen 16 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky syýasatyň ajaýyp miweleridir.