
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda Medeni miras - ruhy baýlygymyz ady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan ýaşlary terbiýelemekde, edebi mirasymyz görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigi, şeýle-de türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, şol sanda keşdeçilik sungatymyzyň dünýäniň medeni-ruhy hazynasynda mynasyp paýynyň bardygyny aýratyn bellediler.
Söhbetdeşlik Miras teleýaýlymynyň Medeni miras gepleşigine ýazgy edildi.