Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk sergisi gurnaldy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk sergisi gurnaldy

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara Bitaraplyk güni, şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli Gülleýär, gül açýar, Bitarap Diýar atly baýramçylyk sergisi gurnaldy.

Baýramçylyk sergisinde muzeý gaznasyndan alnan halypa suratkeşleriň eserleri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň, şeýle-de daşary ýurtlara syýahat edip, daşary döwletleriň gözelligini eserlerinde beýan eden halypa suratkeşleriň eserleri sergilendi.

Sergide ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren eserlerinde ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözelligi, halk içinde Bitaraplyk baýramynyň waspy, milli mirasymyzyň waspy hem ajaýyp tebigatymyzyň gözelligi bilen sazlaşdyrylýar. Asuda, parahat asmanyň astynda, bagtyýar çagalaryň gülki sesi eserlerde ýaň salýar.

Sergide amaly-haşam sungatynyň ussatlary Dursunsolmaz Muhammedowanyň, Maral Ataýewanyň, Annameret Taganowyň, Gülara Babaýewanyň döreden ajaýyp eserlrini görmek bolýar. Keramiki eserlerde türkmen halkynyň milli mirasy, medeni baýlyklary, ahalteke bedewlerimiziň ajaýyp keşbi, şeýle hem Bitaraplygymyzyň waspy ýetirilen keramiki küýzeler we güldanlar görkezilen.

Ýene degişli makalalar

Zenan kalbyndan dörän nepislikler atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
AMAN GULMÄMMEDOW MILLI TEATR SUNGATYNY ESASLANDYRYJY
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Belentde parlasyn, şöhratly tugum!“ atly sergi
Aşgabatdan Awaza şäherara awtobus gatnawy ýola goýlar, Maşatda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçiriler, Lebapda Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda spektakl sahnalaşdyryldy we beýleki habarlarda
Dalaşgär 2024: Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi
Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek işleri dowam edýär