Türkmenistanyň şäherlerinde telekeçiler we ýolbaşçylar üçin maliýe dolandyryşy boýunça seminarlar geçirilýär

Türkmenistanyň şäherlerinde telekeçiler we ýolbaşçylar üçin maliýe dolandyryşy boýunça seminarlar geçirilýär

Geçen hepde Türkmenistanda Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky (BDÖB) tarapyndan welaýat merkezlerinde guralan sebitleriň telekeçileri üçin seminarlar toplumy badalga aldy. Seminarlar Kiçi telekeçilik üçin maslahatlar maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Bu taslamanyň maksady telekeçileriň we ýolbaşçylaryň işewürligiň durnukly ösmegi hem-de kämilleşmegi üçin örän zerur bolan başlangyç maliýe başarnyklaryny özleşdirmeklerine we ösdürmeklerine goldaw bermekden ybaratdyr.

Taslama esasy maliýe däl we maliýe menejerleri üçin seminarlary öz içine alýar. Seminarlaryň netijesinde, kompaniýanyň menejerleri kompaniýanyň maliýe dolandyryşy boýunça başarnyklaryny ösdürip, has netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmek üçin maliýe derňewiniň gurallaryny peýdalanyp bilerler.

Seminarlar dolandyryş ulgamy boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýalar Arassa Nusga HJ we El Enayi HJ bilen bilelikde gurnalýar.

Seminarlaryň birinji tapgyry 3-nji we 4-nji oktýabrda Mary şäherinde geçirildi we ýerli telekeçileriň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Seminara gatnaşyjylar işewürlikde netijeli maliýe dolandyryşy üçin zerur bolan gurallar we strategiýalar bilen tanyşdylar hem-de maliýe hasabatlylygy boýunça amaly ukyplary öwrendiler.

Seminaryň dowamynda awtomatizilenen analitikanyň we maglumatlaryň esasynda guramany dolandyrmagyň häzirki zaman gurallary gözden geçirildi hem-de tanyşdyryldy. Bu tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy işewürlik prosesleriniň optimizasiýasyny we kabul edilýän dolandyryş kararlarynyň hilini has-da ýokarlandyryp biler.

Seminaryň ahyrynda tälimçiler gatnaşyjylara işleriniň anyklaýyş barlagyny mugt geçirmek we maliýe hasabatlaryny seljermek boýunça ajaýyp mümkinçilik hödürlediler. Anyklaýyş işleriniň çäklerinde her bir kompaniýa dolandyryş we maliýe amallaryny gowulandyrmak boýunça teklipler görkezilen takyk hasabat berilýär, ony Türkmenistanda Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankynyň (BDÖB) Kiçi telekeçilik üçin maslahatlar maksatnamasynyň goldawy bilen öz kompaniýasynda peýdalanmak mümkiindir.

Indiki seminarlar Türkmenbaşy (10 we 11-nji oktýabr), Daşoguz (16 we 17-nji oktýabr) we Türkmenabat (23 we 24-nji oktýabr) şäherlerinde geçiriler. Olara gatnaşmak üçin kärhanalaryň ýolbaşçylary we telekeçiler, şeýle hem maliýe menejerleri çagyrylýar.

Seminarlara gatnaşmak üçin ovezovat@ebrd.com elektron poçta salgysyna F.A.A.a., kompaniýanyň adyny we eýeleýän wezipäňizi doly görkezip, degişli haýyşnamany ibermeli.

Arassa Nusga kompaniýasynyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmen eminleri halkara seminarda kabaddi boýunça taýýarlyk geçdiler
ÝB bilen Türkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Akim Mogaji Aşgabatda sanly köp platformaly media boýunça ÝUNISEF-iň seminaryny geçirer
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda maslahat geçirildi
Aşgabatdaky Rus öýi kwotanyň çäginde Russiýanyň ÝOM-larynda okamak boýunça seminarlara çagyrýar
Aşgabatda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde kwotalaryň çäginde bilim almak boýunça seminarlar geçirilýär, Fransuz instituty film görkezilişine çagyrýar, Türkmenistan Abu-Dabide geçirilen halkara nebitgaz sergisine gatnaşdy we beýleki habarlar