Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Rushyzmatdaşlygyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Rushyzmatdaşlygyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça Federal agentligiň ýolbaşçysy Ýewgeniý Primakowyň duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Duşuşykda söhbetdeşler ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary güýçlendirmek meselelerine garadylar. Primakow döwletara ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi Aýdogdyýew Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagy, 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen birnäçe döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen üstünlikli Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara derejeli forum, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri barada belläp geçdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň ylym, bilim we medeni institutlary üçin gyzyklanma döredýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurlygy barada belläp geçdiler. Şeýle hem Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy Magtymgulynyň saýlanan eserler ýygyndysynyň türkmen, rus, iňlis dillerindäki nusgalaryny Russiýa Ylymlar akademiýasynyň kitaphana gaznasyna, M.W.

Lomonosow adyndaky Moskwanyň döwlet uniwersitetine, P.Lumumba adyndaky Russiýanyň halklaryň dostlugy uniwersitetine, Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutyna we ýurduň uly kitaphanalaryna gowşurlandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Moskwada Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby tanyşdyrylyşdy
30-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň ilçisi Leningradyň gabawynyň doly syndyrylmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan we Belarus söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmen diplomaty GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ykdysady meseleler boýunça komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy