Şu gün Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda diplomatik wekilhananyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Ilçi A.Annaýew öz çykyşynda ýurduň ýaşlar syýasatynda gazanylan üstünlikleri belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaş nesliň Türkmenistanyň gülläp ösmegi üçin döwrebap bilim almagynyň we ata Watana yhlasly hyzmat etmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Ilçihananyň habar bermegine görä, çykyşlaryň dowamynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanylyp 2024-nji ýylda geçirilen halkara çäreler barada hem aýratyn durlup geçildi.Ilçiniň belleýşi ýaly, ýylyň başyndan bäri, türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek maksady bilen, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara maslahatlar, döredijilik duşuşyklary we beýleki çäreler üstünlikli geçirilip gelinýär.
Bu çäreleriň esasy maksady adamzadyň ählumumy medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan akyldar şahyryň edebi mirasyny gorap saklamakdan, öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr.
Şeýle-de çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň türkmen we dünýä edebiýatyndaky orny, şahyryň ömür ýoluny we döredijiligini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödür edildi.