Düýn Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy şol ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.
Ilçi A.Annaweý öz çykyşynda Türkmenistanyň ýaşlar syýasatyndaky üstünlikleri, şeýle-de ýaş nesliň dürli ugurlardaky orny we ýokary görkezijilerini belläp geçdi. Ol şeýle-de Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy şygary astynda geçýän şu ýylda we 2024-nji ýylda türk dünýäsiniň paýtagty bolan gadymy Änew şäheriniň hormatyna geçirilen giň gerimli çäreler barada gürrüň berdi.
Ilçiniň belleýşi ýaly, türkmen şahyry filosofy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi ýurduň içinde hem, şeýle-de daşary ýurtlarda bellenip geçilýär. Häzirki wagtda şahyryň döredijiligi adamlaryň ruhy dünýäsine aralaşýar we ählumumy durmuş meselelerini giňden şöhlelendirýär.
Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň türkmen we dünýä edebiýatyndaky orny, onuň filosofik mirasynyň öwrenilişi, şahyryň durmuşy we döredijiligi babatda soňky döwürlerdäki täze açyşlar barada gürrüň etdiler. Duşuşygyň gatnaşyjylarynyň özara pikir alyşmalary türkmeniň baýramçylyk saçagynyň başynda dowam etdirildi diýip Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň metbugat habarynda beýan edilýär.