Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy kiçi futbol boýunça talyplaryň arasynda ýaryş gurnady

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen kiçi futbol boýunça ýaryş Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy. Sport çäresini ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasy gurady.

Kiçi futbol boýunça talyplar bäsleşigi Ploýeşti şäheriniň Green Arena stadionynda geçirildi, oňa Rumyniýanyň dürli şäherlerinden türkmen ýaşlarynyň 50-den gowragy geldi.

Çekeleşikli, dartgynly geçen ýaryşda Ploýeşti şäherindäki Nebit we gaz uniwersitetiniň topary ýeňiş gazandy.Ikinji orny Tyrgu-Mureş şäheriniň Medisina we farmasiýa uniwersitetiniň hem-de Timişoar şäheriniň Günbatar uniwersitetiniň birleşen topary eýeledi.

Kluž-1 topary bürünç baýraga mynasyp boldy, onuň düzüminde Kluž-Napoki şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde: Babeş-Boýýai uniwersitetinde, Tehniki uniwersitetinde hem-de Medisina we farmasiýa uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary çykyş etdiler.

Ýaryşda baýrakly orunlary eýeleänlere we oňa gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
'Käbiri para berip mekdep saýlaýar, käbiri okuw esbaplaryny satyn alyp bilmeýär'.
Aşgabatda jaýlara berilýän suw bulançak’. Saglyk işgärleri krantdan akýan suwy içmezligi duýdurýar
Dünýäde pandemiýanyň doly ýatyrylandygyna garamazdan, Türkmenistan COVID-19 testlerini talap edýär
Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar
Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar
Lebabyň Onkologiýa hassahanasy talaba laýyk bejergi berip bilmeýär’