Aşgabadyň döwlet dükanlarynda azyk ýetmezçiliginiň başlanandygyna garamazdan, regionlaryň ýaşaýjylary azyk üçin, arzan çörek, un we ýag satyn almak umydy bilen, paýtagta gelýärler.
Mysal üçin, Serdar (ozalky Gyzylarbat) şäheriniň ýaşaýjylary Aşgabada yzyny kesmen gatnaýarlar. Olaryň sözlerine görä, dogduk şäherleriniň dükanlarynda adam başyna bir aýda berilýän 6 kg un normasyny tutuş maşgala 10 kg un bermek bilen azaltdylar. Şol bir wagtda olardan pasportlarynyň we çagalarynyň dogluş şahadatnamalarynyň göçürmelerini getirmegi talap edýärler.
Paýtagtda olar gurplurak ýaşaýan garyndaşlaryndan ýa tanyşlaryndan öz arzan un normalaryny, kömek üçin, özlerine bermeklerini haýyş edýärler, sebäbi ol adamlaryň hususy dükanlardan has gymmat unlary hem satyn almaga gurby çatýar.
Serdaryň ýaşaýjylary birki sany çörek, buhanka nanyny ýa-da 3-4 kg un satyn alyp, awtobusa münüp, yzlaryna dolanýarlar.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ozal habar berşi ýaly, köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri başga şäherleriň awtomobillerini Aşgabatdan çykylýan ýerde saklap barlaýarlar, sebäbi olaryň azyk önümlerini alyp çykmagy gadagan.
Emma häzirlikçe, ozalkylary ýaly, bu görkezmäniň polisiýa ýolbaşçylar tarapyndan berlendigi ýa-da munuň postdakylaryň öz “inisiatiwalarydygy” düşnüklsiz.
Paýtagtdan awtobusly gaýdýanlaryň goşlaryny barlamaýarlar.
Şol bir wagtda, Aşgabatdaky döwlet dükanlaryndaky ýagdaý hem barha ýaramazlaşýar. Uny we çöregi wagtly-wagtynda getirmeýärler. Dükanlaryň öňünde hemişe nobatçylyk çekýän adamlar bolýar, olaryň köpüsi arzan azyklary satyn alyp, soň olary hususy dükanlara satýar. Olar özleri üçin çörek alýan adamlaryň gatyrganmalaryna “başga işleriniň ýokdugyny we özlerine hem maşgala eklemegiň gerekdigini” aýdyp jogap berýärler.
Nobatlarda köplenç gykylyk-galmagal, hatda ýumruklşmalar hem ýüz berýär. Mysal üçin, 7-nji noýabrda Aşgabatda köpçülikleýin ýakalaşmalar netijesinde demir ýoluň boýundaky Kalinin köçesinde ýerleşýän azyk dükanynyň witrinasynyň aýnasy döwüldi.
Eýýäm bir hepde bäri dükanlarda bir litrlik çüýşesi 3,40 manatdan satylýan “Ahal” ýagy ýok. Satyjylaryň sözlerine görä, ýagyň bolmazlygy bu ýyl pagta hasylynyň gowy bolmazlygy, diýmek, ýag alynýan gowaça çigidiniň azlygy bilen bagly. Hususy dükanlarda “Ahal” ýagynyň bir çüýşesini 11 manatdan satyn alyp bolýar. Emma olar ýagy barlagdan gorkup, gizlinlikde satýarlar.
Import ýaglar, mysal üçin Orsýetden getirilýän “Oleýna” häzir bir litrlik çüýşesi 16 manatdan satylýar.
“Ak-pamyk” ýagyny arzan döwlet bahasyndan, litrini 2,5 manatdan satyn alyp bolýar, emma alyjylar onuň ýakymsyz ysyndan we umuman hiliniň ýaramazlygyndan şikaýat edýärler. Bu ýag ozal çüýşede satylardy, indi diňe guýumlaýyn satylýar.
1 of 2