Türkmenistanyň raýaty türk adamsyny terk edip, emlägini hem alyp gitdi 

Türkmenistanyň raýaty türk adamsyny terk edip, emlägini hem alyp gitdi 

Türkmenistanly zenan dokuz ýyla çeken maşgala durmuşyndan soň birden öýüň ähli gymmat bahaly goşlaryny alyp, adamsyny terk edipdir. Bu waka barada 2-nji dekabrda türk metbugaty tarapyndan habar berildi.

Gunça Jumageldiýewanyň adamsy Taner Alkan, aýalynyň özüni terk edýändigini işdekä SMS ugradyp, mälim edendigini ATV telekanalyna gürrüň berdi.

Taneriň sözlerine görä, ol öýüne gaýdyp baranda, aýalynyň hemme zatlary, ýagny çaý çemçelerden başlap, penjirelerdäki perdelere çenli alyp gidendigini görüpdir.

Ankarada ýaşaýan Taner Alkan Türkmenistanyň raýaty bolan zenana 9 ýyl mundan ozal öýlendi.Onuň sözlerine görä, zenanyň türk raýatlygyny almak möhleti geçýänçä hemme zat gowy bolupdyr.Aýaly türk pasportyny alandan soň üýtgäpdir.

Ilki bilen onuň gatnaşygy üýtgäpdir, soň özüni alyp barşy.Ol adamsy işde bolan wagtynda iň soňky zarbany urup, öýi talap gidipdir.Taner Alkan umumy zyýanyň 2 milliona golaý türk lirasyna barabardygyny aýdýar.

Türk telekanalynyň habarynda otag, boş tekjeler we perdesiz penjireler görkezilýär.

"Otaga gireniňizde, ilki bilen garşyňyzda boş duran serwant bar. Başga tarapa öwrülip, tekjeleri açanymyzda, olaryň boşdugyny, penjirelerde perdeleriň ýokdugyny görýäris. Ilkinji döreýän pikir: 'Muny kim etdi? Ogrymy?' Öýüniň eýesi 'ýok' diýýär. Ol ogurlygyň bolandygyny inkär etmeýär, ýöne muny aýalynyň edendigini aýdýar" - diýlip, gepleşigi alyp barýan žurnalist aýdýar.

Taner Alkan boş otagyny görkezýär we aýalynyň ähli emlägini alandygyny aýdýar: “Ol düşek, noutbuk, pul, altyn alyp gitdi. Hiç zat galmady. Ol stakanlary aldy. Aşhanadaky şkaflary boşatdy. Serediň, hatda çaý çemçelerini hem alyp gidipdir".

Ol adam bolup geçýän wakalaryň erbet täsir ýetirendigini we ruhdan düşýändigini aýdýar: “Şkafy açdym, boş, beýleki tekjeleri açdym, olaram boş. Psihologiki taýdan men bütinleý dargadym".

47 ýaşly Taner Alkan, Gunça Jumageldiýewa bilen seýilgähde tanyşandygyny we dessine aşyk bolandygyny aýdýar. 2013-nji ýylda jübüt durmuş gurup, är-aýal boldular. Zenanyň ýaşamak üçin rugsatnamasy 3-4 ýyllap uzaldyldy, soňra olar raýatlyk almak üçin ýüz tutdular. Türkmenistanyň raýaty, türk raýaty bilen durmuş gurmagynyň netijesinde ýaşamak üçin rugsatnama we soň raýatlyk aldy.

Bu adam aýalyny şeýle bir gowy görendigini, durmuşynyň her pursatyny surata düşürip, diwarlara asandygyny aýdýar. Emma ol türk raýatlygyny alansoň, aýalynyň derrew üýtgäp, mydama pul talap edendigini, kredit karynyň elmydama onuň ýanynda bolandygyny, şol bir wagtyň özünde-de, onuň otagynyň gapysyny gulplap başlandygyny gürrüň berdi.

"Bu nika birleşigi maňa 2 million çykdajy etdi. Men bagt tapmadym. Meni aldadylar. Netijede, raýatlygy alanyndan soň aýalym meni talady we maňa bir SMS iberdi. Men onuň çalt tutulmagyny we öz watanyna iberilmegini isleýärin" - diýip, Taner Alkan aýtdy.

Türkiýäniň raýaty türkmenistanly aýalynyň galplygy barada Baş prokuratura ýüz tutdy.

Bu waka barada Gunça Jumageldiýewanyň pozisiýasy nämälim galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Talyp gözeli — 2024 yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti prokuratura edaralarynda wezipe çalşygyny geçirdi
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi