Türkmenistanyň raýaty Jumadurdyýew Sankt-Peterburgda tussag edildi

Türkmenistanyň raýaty Jumadurdyýew Sankt-Peterburgda tussag edildi

Orsýetiň polisiýasy geçen aýda deportasiýa merkezinden boşadylan türkmen raýatyny gaýtadan tussag etdi. 2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Sankt-Peterburgyň kazyýeti dini sebäplere görä watanynda yzarlanýan we Orsýetden gaçybatalga gözleýän türkmenistanly Ahmet Jumadurdyýewi boşatmak barada karar çykarypdy.

Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" merkeziniň habaryna görä, Jumadurdyýew 24-nji ýanwarda Sankt-Peterburgda "Çkalowskaýa" metro stansiýasynda resminamalary barlananda tussag edilipdir.

Jumadurdyýewiň sözlerine görä, şol gün prokuror tarapyndan geçirilen sorag edişde tussag edilmeginiň sebäpleriniň biriniň onuň halkara gözlegdäki adamlaryň sanawynda bolmagy bilen baglydygyny aýdypdyr. Prokuraturanyň işgäri, bar bolan materiallary öwrenmegi we gelnen karar barada ertir hasabat bermegi wada beripdir. Bu barada "Memorial" 24-nji ýanwarda habar berdi. Gurama Jumadurdyýewiň tussag astynda galýandygyny 25-nji ýanwarda habar berdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramanyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň ýörite gulluklary Ahmet Jumadurdyýewi dini sebäplere görä gözläp başlapdyr we onuň doganoglany şol bir iş boýunça Türkmenistanda 25 ýyllyk tussaglyga höküm edilipdir.

Bu, Jumadurdyýewiň ikinji gezek tussag edilmegi. Russiýada we Estoniýada gaçybatalga soramaga synanyşan öňki student serhetden bikanun geçenligi üçin tussag edilip, deportasiýa merkezine ýerleşdirilipdi.

2021-nji ýylyň tomsunda Jumadurdyýew serhetden derýa üstünden ýüzüp, Estoniýada geçipdi we gaçybatalga soramakçy bolupdy.Estoniýanyň serhetçileri ony Russiýa tabşyrdy.Jumadurdyýewyň şonda adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" guramasyna gürrüň bermegine görä, ol Russiýada kanuny statusynyň ýokdugy sebäpli Estoniýada gaçybatalga soramak kararyna gelipdir (2019-njy ýylda bosgun statusyndan mahrum edilipdi we 2021-nji ýylda eden ýüzlenmesi ret edilipdi) üstesine-de, Ýewropadaky türkmenleriň biri oňa Ýewropa ýurtlarynda gaçybatalga soramak işiniň kyn däldigine ynandyrypdyr.

2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Sankt-Peterburgyň Krasnoselskiý etrap sudy dini sebäplere görä watanynda yzarlanýan we Orsýetde gaçybatalga gözleýän türkmenistanly Ahmet Jumadurdyýewi deportasiýa merkezinden boşatmak barada karar çykardy.

Ondan öň, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça sudy Jumadurdyýewiň işi boýunça 39-njy maddany ulanmak barada karar çykardy. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýewropanyň adam hukuklary boýunça bu abraýly edarasy Russiýanyň türkmen raýaty Ahmet Jumadurdyýewiň kazyýet işleri tamamlanýança ony öz watanyna ekstradisiýa etmegi gadagan etdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramanyň habaryna görä, Ahmet Jumadurdyýew Türkmenistanda subut edilmedik "ekstremizm" aýyplamalary esasynda gözlenýär.

Bu, şu ýylyň başyndan bäri türkmenleriň daşary ýurtlarda ikinji gezek tussag edilmegidir.

Şu aýda blogçy we raýat aktiwisti Jumasapar Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana äkidildi. "Memorial" guramasynyň 19-njy ýanwarda Dadebaýewiň aklawçysy Abdulhalim Ýilmaza we "Türkmen Helsinki fonduna" salgylanyp, beren maglumatynda Stambulda ýaşaýan blogçy we raýat aktiwisti Jumasapar Dädebaýewiň Özbegistana zor bilen deportasiýa edilendigi aýdylypdy.

25-nji ýanwarda “Memorial” Türkiýede ýitirim bolan Jumusapar Dädebaýewiň garyndaşlaryna onuň Daşkentdäki deslapky tussaghanada saklanýandygynyň aýdylandygyny habar berdi. Şeýle hem habara görä, aklawçy Abdulhalim Ýilmazyň deslapky maglumatlaryna laýyklykda Dädebaýewiň 12-nji ýanwarda giçlik Stambulyň halkara howa menzilinde serhetden geçendigi anyklanypdyr, ýöne onuň haýsy uçarda Türkiýäni terk edendigi we kim bilen bile gidendigi entek belli bolmandyr.

Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial guramasynyň maglumatyna görä, Garagalpakstandan bolan etniki türkmen Jumasapar Dädebaýew soňky iki ýylda türkmen we garagalpak demokratik hereketlerine işjeň gatnaşypdyr.Birnäçe ýyl ozal Özbegistan ony Interpolyň üsti bilen gözlenýän sanawyna goşup, "terrorçylykda" aýyplapdyr. 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Stambulyň polisiýasy türkmen aktiwistleriniň ýygnanyşygynyň öňüni almak üçin geçiren çäreleriniň dowamynda Dädebaýewi tussag edipdi.

Ol alty aýdan soň Türkiýäniň sudunyň karary bilen deportasiýa merkezinden boşadyldy. 20-nji dekabrda türk häkimiýetleri onuň gaçybatalga arzasyny kabul etdi we oňa entek seredilýär.

Aklawçysy Abdulhalim Ýilmazyň ozal türk sudunyň Dädebaýewiň Özbegistana sürgün edilmegini gadagan edendigini we bu kararyň henizem güýjünde galýandygyny habar beripdi.

"Memorial" guramasynyň bellemegine görä, Stambuldadaky Merkezi Aziýa aktiwistleri Dädebaýewiň ýitirim bolmagyny adam alyp gaçmak diýip hasap edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

EAHK Estoniýa bilen serhedi derýadan ýüzüp geçmäge synanyşan Türkmenistanyň raýatyny watanyna ýollamagy Russiýa gadagan etdi
Narwa derýasy arkaly ýüzüp Estoniýa girmäge synanyşan Türkmenistanyň raýatyna Rusýada sud başlady
Aşgabatda gözlenýän türkmenistanly Orsýetdäki deportasiýa merkezinden boşadyldy
Türkmenistanyň raýaty Ahmet Jumadurdyýew deportasiýa merkezinden boşadyldy
Owal Peterburgda tussag edilen Ahmet Jumadurdyýew prokuraturanyň karary bilen boşadyldy
Estoniýadan gaçybatalga sorajak bolan türkmeniň ykbaly Orsýetde çözülýär