Türkiýede işlän Türkmenistanyň raýaty bolan zenan iki ýyllap çeken ezýetinden soňra saglygynyň bejergisi, işe ukyplylygyny wagtlaýynça ýitirendigi we kazyýetiň tutumlary üçin iş bereniniň töleg etmegini kazyýet arkaly gazandy diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysy maglumat berýär.
Ol 2020-nji ýylyň martynda (onuň ady redaksiýada bar) hususy öýde hyzmatçy bolup işleýärdi. Emma, bir gün öýde tämizlik edýärkä, ikinji gatdaky merdiwandan ýykylyp bedeninde döwükler we şikesler aldy. Şol zenan döwlet hassahanasynda saglygyny bejerden soň, ýene 6 aýlap saglygyny dikeltdi we işläp bilmedi.
Türkmenistanly zenanyň saglygyny bejertmek üçin tölegi iş bereni tölemek islemeýär.
Kazyýetiň diňleýşinde iş bereniň kanun boýunça resmileşdirmändigi üçin hyzmatçysynyň saglyk ätiýajynyň ýokdygynyň üsti açylýar.
Ahyrky kazyýet diňlenşigi Stambulyň Bakyrköý etrabynda boldy. Kazyýet günäkäriň öž hyzmatçysyna 180 müň türk lirasyny (takmynan, 12 200 amerikan dollaryna deň) tölemäge borçly etdi.
“TH-niň” mundan owal beren maglumatlaryna görä, Türkiýedäki Türkmenistanyň raýatlary iş bereniniň islemeýändigi ýa-da kanun boýunça işe ýerleşip bilmeýändikleri üçin saglyk ätiýaçsyz we saglyk ýagdaýlary bilen bagly mesele ýüze çykanda ähli çykdajylary özleri edýärler ýa sosial ulgamlar arkaly watandaşlaryndan kömek soraýarlar.
Hatda, hut saglyk ätiýaçlarynyň ýokdygy üçin aradan çykan türkmen raýatlarynyň bardygyny “TH-niň” habarçylary belleýärler.
Mysal üçin, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” owalky maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň aprelinde Stambulda “beýnisine gan inmeden” ýogalan öňki çaga lukmany Annagül Kasymowa hut saglyk ätiýajynyň ýokdugy üçin keselhanada bejergi alyp bilmändi we Stambulyň eteklerindäki Kilýosda “kimsesizler” gonamçylygynda jaýlanypdy.The post Türkmenistanyň raýaty işde alan şikesi üçin Türkiýede iş bereniniň 12 200 dollar möçberinde töleg etmegini kazyýet arkaly gazandy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.