Türkmenistanyň raýaty beýni ganamasyny geçirip, Stambuldaky keselhanada örän agyr ýagdaýda ýatyr

Türkmenistanyň raýaty beýni ganamasyny geçirip, Stambuldaky keselhanada örän agyr ýagdaýda ýatyr

Türkmenistanyň raýaty, 1963-nji ýylda doglan, Balkanabatly Annagül Kasymowa Suhandurdyýewna 26-nji aprelde beýin ganamasyny geçirenden soňra, “tiz kömek” bilen Stambulyň Bagçylar etrabyndaky “Saglyk bilimleri uniwersiteti Stambul Bagçylar egitim we araştyrma” döwlet hassahanasyna ýerleşdirilidi diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” Stambuldaky habarçylary maglumat berýärler.

Türkmen aktiwistleriniň aýtmaklaryna görä, bu waka düýn, duşenbe güni öýlän sagalary Bagçylar etrabynda bolupdyr.

“Çaga lukmany diplomy bolan we leýtenant çinli Annagül Kasymowa bir dosty bilen gürrüň edip otyrka,birden erbet bolup, ýykylypdyr.Derrew “tiz kömek” çagyryp, ony Bagçylar etrabyndaky hassahana ýerleşdirdiler.

Ol hassahana äkidilýän wagty, ýolda huşuny ýitirýär.Lukmanlar Annagüliň beýin ganamasyny geçirendigini aýdýarlar.Ony agyr hassalar üçin otaga, renimasiýa almak zerur.Emma, Annagüliň saglyk ätiýajy bolmansoň bu mümkin däl” diýip ony bejerýän lukmanyň aýdandygyny aktiwistler habarçylarymyza gürrüň beripdir.

Annagüliň dostynyň sözlerine görä, onuň Stambulda hiç bir garyndaşy ýok. Ol Özbek zenanlary bilen bir jaýda ýaşaýardy.

“Annagüliň beýin ganamasy köp bolandygy sebäpli, operasiýa edip bolmaýar. Onuň beýnisi ölüm geçirdi we ölümine garaşmaly” diýip bir lukman dostuna aýdypdyr.

Şeýlede Annagüliň dosty Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasyna baryp, onuň beýin ganamasyny geçirip hassana düşendigi barada habar beripdir we kömek etmeklerini sorapdyr.

“Emma, Türkmenistanyň konsulhanasynyň işgäri Annagül Kasymowa barada maglumatlary ýazyp alypdyr. Biz bolan waka barada Annagüliň hossarlary tapylsa, habar bereris. Ýöne, hiç-hili kömek edip biljek däl” diýip konsulhananyň işgäri Annagül Kasymowanyň dostuna aýdypdyr.

“Annagüliň passporty, dogulyş şahadatnamasy, diplomy we beýleki dokumentleri bolan sumkasyny hem ilçihanadan soramadylar. Ol torba meniň elimde galdy” diýip çaga lukmany diplomly Annagüliň dosty aýdypdyr.

Annagül 2016-njy ýylda Türkiýä gelipdir.

“Biz bu bolýan zatlara näme aýdyp, näme diýjegimizi bilemizok. Türkmenistanyň ilçihanasy nämeüçin öz raýatyna kömek etmeýär. Eger häzir hassahana ilçihanadan bir jaň gelse, Annagüli başga hassananyň renimasiýasyna geçirýärler. Belki, ony ölümden halas ederler. Nämeüçin Türkmen häkimiýetleri öz raýatyny “ölüm penjesine” oklaýar ” diýip aktiwistleriň birisi hamsygýar.

Stambulyň Bagçylar etrabyndaky döwlet hassahanada beýni ganamasyny geçirip, agyr ýagdaýda ýatan, 58 ýaşyndaky Balkanabatly, leýtenant çinli Annagül Kasymowa barada goşmaça maglumat gelse, habar bereris.

The post Türkmenistanyň raýaty beýni ganamasyny geçirip, Stambuldaky keselhanada örän agyr ýagdaýda ýatyr first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Jesetleri watana ýollanmakdan ýüz öwrülen Belarusdaky türkmen studentleriniň mazarlary, ”Türkmen.news-iň” fotoreportajy
Türkmenistanyň raýaty beýin ganamasyny geçirip, Stambuldaky keselhana düşenden ikinji güni aradan çykdy
Türkmenistanly zenanyň syrly ölümi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda