Türkmenistanyň raýaty beýin ganamasyny geçirip, Stambuldaky keselhana düşenden ikinji güni aradan çykdy

Türkmenistanyň raýaty beýin ganamasyny geçirip, Stambuldaky keselhana düşenden ikinji güni aradan çykdy

Türkiýedäki habarçylarymyzdan gowşan ahyrky maglumatlara görä, Stambulda beýin ganamasyny geçirip, şäheriň Bagçylar etrabyndaky döwlet hassahanasyna ýerleşdirilen Balkanabatly, 58 ýaşyndaky çaga lukmany Annagül Kasymowa aradan çykypdyr.

Türkmenistanyň raýaty, 1963-nji ýylda doglan, Balkanabatly Annagül Kasymowa Suhandurdyýewna 26-nji aprelde beýin ganamasyny geçirenden soňra, “tiz kömek” bilen Stambulyň Bagçylar etrabyndaky “Saglyk bilimleri uniwersiteti Stambul Bagçylar egitim we araştyrma” döwlet hassahanasyna ýerleşdirilipdi diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berdiler.The post Türkmenistanyň raýaty beýin ganamasyny geçirip, Stambuldaky keselhana düşenden ikinji güni aradan çykdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanly zenanyň syrly ölümi
Türkmenistanyň raýaty beýni ganamasyny geçirip, Stambuldaky keselhanada örän agyr ýagdaýda ýatyr
Jesetleri watana ýollanmakdan ýüz öwrülen Belarusdaky türkmen studentleriniň mazarlary, ”Türkmen.news-iň” fotoreportajy
Magtymguly, söz binýadyň…
Teatrlaryň baýramçylyk sowgatlary