Peterburgly sülçüler Federal howpsuzlyk gullugy edarasynyň işgärleri bilelikde Türkmenistanyň üç raýatyny tussag etdiler, olar adam ogurlmakda güman edilýär. “Adam ogurlamak” maddasy boýunça jenaýat işi gozgaldy diýip, Sankt-Peterburgyň Baş derňew uprawleniýesiniň metbugat gullugy habar berýär.
Derňew görkezijilerine laýyklykda, güman edilýänler şu ýylyň 11-nji apreldinde “Ulisa Dybenko” metro stansiýasynda gündiz, 33 ýaşly ildeşleri we onuň ýakynlary babatda zorluk ulanmak haýbatyny atyp, ony näbelli bir maşyna münmäge mejbur edipdirler we Podwoýskiý köçesiniň ugrunda ýerleşýän jaýlaryň birindäki kwarira getirip, gazaply ýejip, 20 müň dollaryny alypdyrlar.
Ejir çeken özüne sütem edenleriň geleňsizliginden peýdalanyp, kwartiranyň penjiresinden böküp gaçmagy başarypdyr we özüne garşy edilen jenaýat babatynda kanun goraýjy organlara arza bilen ýüz tutupdyr.
Güman edilip saklananlaryň tussag edilmegi we garşylaryna aýyp bildirilmegi baradaky mesele çözülýär.
Jenaýat işiniň derňewi dowam edýär. .