Times of Oman gazetiniň habaryna görä, Türkmenistanyň raýatlary Oman döwletine indi wizasyz syýahat edip bilerler. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
Dogrusy, diňe ABŞ-nyň, Kanadanyň, Awstraliýanyň, Beýik Britaniýanyň, Şengen ýurtlarynyň ýa-da Ýaponiýanyň ýaşaýjylary ýa-da bu ýurtlara girmek üçin wizalary bolanlar bu mümkinçilikden peýdalanyp bilerler.Omana şu 25 ýurduň ýaşaýjylary wizasyz girip bilerler: Azerbaýjan, Hindistan, Özbegistan, Belarus, Täjigistan, Gyrgyzystan, Kosta-Rika, Nikaragua, Marokko, Ermenistan, Panama, Bosniýa we Gersegowina, Türkmenistan, Gonduras, Gwatemala, Gazagystan, Laos, Albaniýa, Butan, Peru, Maldiwler, Salwador, Wýetnam, Kuba we Meksika.
Oman gadymy taryhy we baý medeniýeti bolan Günbatar Aziýada ýerleşýän ýurt.Ol Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri we Ýemen bilen serhetleşýär.Onuň Arap deňzine we Oman aýlagyna çykalgalary bar.