Türkmenistanyň raýatlary öz mümkinçilikleri bilen Ukraýinany terk etmäge çalyşýarlar, resmi KHS-ler Ukraýina barada dymmagyny dowam edýär

Türkmenistanyň raýatlary öz mümkinçilikleri bilen Ukraýinany terk etmäge çalyşýarlar, resmi KHS-ler Ukraýina barada dymmagyny dowam edýär

Rus harbylary Ukraýinany 12-nji gün bombalamagyny dowam edýän wagtynda gazaply söweşleriň arasynda galan Türkmenistanyň raýatlary öz güýji bilen ýurtdan çykmagyny dowam etdirýärler.

“Men 8 ýyl bäri Ukraýinanyň Harkow şäherinde ýaşaýardym we kiçiräk söwda-satyk işleri bilen meşgullanýardym.Biz Rus harbylarynyň Ukraýinadaky bombalamalary başlan ilkinji günlerinde ýagdaýlaryň bu “hakyky söweşler” derejesine ýetjekdigine garaşmaýardyk.

Emma, haçanda Harkowdaky öýümiziň golaýyna bombalar atylandan soňra biz ýaşaýan jaýymyzy gulplap, Ukraýinany terk etmek kararyna geldik” diýip özüni Baýmyrat atlandyran we Slowakiýanyň serhedinden Ýewropa aşan 29 ýaşly türkmen raýaty “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysyna gürrüň berýär.

Ol awtoulagly Harkowdan çykyp,üç günden soňra serhede barandyklaryny aýdýar.

“Biz Harkowdan çykanymyzdan soňra onlarça barlag nokatlaryndan geçip, 3 gün soňra Slowakiýa bilen serhede ýetdik.Araçäge çenli ýolda onlarça kilometrlik nobat bardy we hususan-da, gijelerine hereket etdik.

Gündizlerine ulagymyzda ýatdyk. Serhetde bizden koronawirus synagy barada güwänama ýa-da wiza soramadylar.Diňe Ukraýinadan alan haýsyda bir resminamamyzy barladylar.Biziň awtoulagymyzyň ukraýin sany bardy, şübhelenmäge sebäp ýokdy” diýip ol Ukraýinadaky ýagdaýlar barada maglumat berýär.

“Men Kiýewdäki we beýleki şäherlerdäki ildeşlerimiz bilen habarlaşdym. Olar Türkmenistanyň ilçihanasyndan maglumat ýa-da kömek alyp bilmeýändikleri üçin öz mümkinçilikleri bilen hereket edýändiklerini aýdýardylar.

Elbetde, her şäherde dürli ýagdaýlar bardy.Emma, adamlar yzanda-çuwandy.Her kim nädip bombalamalardan gutulmagyň aladasyny edýärler.Elhenç wakalaryň şaýady bolan ynsanlaryň käbiriniň psihologiýasy bozuldy diýip aýdyp bilerin.

Göz öňüne getirsenizläň, adamlar ýyllarça ýaşan ojaklaryny, malyny-mülküni terk edip, diňe janyny gutarmaga çalyşýarlar. Ýerzeminlerde, metrolarda we beýleki gaçybatalgalarda gizlenýärler.Ildeşlerimiz çagalaryň, garrylaryň, aýal-gyzlaryň ahy-nalasy gulaklaryndan gitmeýändikleri barada aýdýarlar ” diýip Baýmyrat ýatlaýar.

Ol Ýewropanyň bir ýurdunda galmagy we okuw jaýyna girip, işe ýerleşmegi göz öňünde tutýar.

“Men indi Ukraýina dolanjakdygyma ynanmaýaryn. Görýäňiz-ä sanlyja günden Ukraýinanyň düýp gurluşlaryny weýran etdiler. Olary täzeden dikeltmek üçin ummasyz maliýe çykdajy we köp wagt gerek. Şol sebäpli, Ýewropa ýurtlarynyň birinde okamagy, diplom alyp, işe ýerleşmegi planlaýaryn. Ata Watana gitmegi hem göz öňünde tutmaýaryn” diýip 29 ýaşly Baýmyrat “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçysyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda Kremliň Ukraýinadaky “harby operasilaryna” 12 gün bolandygyna garamazdan, Türkmenistanyň KHS-leri we hökümetiň tarapdary bolan neşirler Ukraýinadaky aldym-berdimli söweşler, bu ýurtdaky ýa-da ýurdy terk eden, ýaralanan we aradan çykan Türkmenistanyň raýatlary bilen ilteşikli kelam agyz’ maglumat bermeýärler.

Emma, käbir daşary ýurt mediasy Türkmen hökümetiniň Ukraýinadaky raýatlary barada alada edýändigini ýäzýar.

Mundan öň “Türkmenistanyň Hronikasynyň” beren maglumatlaryna görä, Harkowda bir türkmen raýaty aradan çykdy we başga-da biri ýaralandy, köpsanly Türkmenistanly Ukraýinadan Rumyniýa geçýärler.Soňra olar Bolgariýa arklay Türkiýä aşýarlar.

“TH-niň” okyjysy Türkmenistanyň raýatlaryny Moldowanyň serhedinden geçirmeýändiklerini ýazýar.

Şol bir wagtda, Putiniň Ukraýina garşy “harby operasiýalary” üçin Günbataryň we Ýewropa döwletleriniň Kremle garşy dürli gadaganlyklary hem basyşlary, ol ýurtlarda protestler barha möwjeýän wagtynda “Rosselhoznadzor” edarasy dokuz sany çet ýurtdan gök we bakja önümleriniň getirilişini artdyrmak kararyna geldi.

Olaryň arasynda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan hem bar diýip türk mediasy ýazýar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owal beren maglumatlaryna görä, geçen ýylyň 10-njy dekabrynda “Rosselhoznadzor” 88 sany türkmen kärhanasyna Russiýa pomidor we burç getirmäge rugsat beripdi.

Emma, Aşgabatdan, Mary, Ahal we Daşoguz welaýatlaryndan Russiýa pomidor we burç getirmäge gadaganlyk haçanda,olaryň pomidorlaryndan goňur-gyrmyzy wirus tapylandan soňra, 2021-nji ýylyň aprelinde girizilipdi.The post Türkmenistanyň raýatlary öz mümkinçilikleri bilen Ukraýinany terk etmäge çalyşýarlar, resmi KHS-ler Ukraýina barada dymmagyny dowam edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Hasabat: "Rus raketasynda Günbatar döwletlerine degişli bölekler bar"
Ukraina, Russiýa Degişli Su-34 Kysymly Harby Uçary Urup Düşürendigini Habar Berdi
Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Russiýanyň Ukraina Guran Soňky Hüjüminde 7 Adam Ýogaldy
Ukrainanyň täze Baş ştabynyň başlygy Aleksandr Syrskiý boldy
Oleg Kononenko älemde bolmakda dünýä rekordyny täzeledi