Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.
5-nji martda Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň Agrar partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýynda dalaşgärlige hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň, Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi toparyndan dalaşgärlige hödürlenen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň, Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowyň saýlawçylar bilen duşuşyklary boldy.
6-njy martda bolsa paýtagtymyzyň häkimliginiň “Mekan” köşgünde Aşgabat şäherinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Hydyr Nunnaýewiň, Ahal welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Maksatmyrat Öwezgeldiýewiň, Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýurdumyzyň gündogar sebitinden raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär mekdebiniň direktory Perhat Begenjowyň, Mary welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewiň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirildi.
Duşuşyklaryň dowamynda dalaşgärleriň ynanylan wekilleri olaryň terjimehallary bilen tanyşdyrdylar. Soňra bolsa iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryp, saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdiler.