Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara

2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Aşgabatdaky daky Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, harby gullukçylar hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri bar.

Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş sazy bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny hem-de mukaddes Gurhany getirýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermegiň jemlerini yglan etmek üçin, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berilýär. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy 2022-nji ýylyň 12-nji martynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada habar berdi.

Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen mejlisinde saýlawlaryň netijeleri jemlenildi. Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.

Dabaraly pursat ýetip gelýär, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýörite niýetlenen münbere barýar.

Asylly däbe görä, sahna ak gyňaçly eneler çykýarlar. Olaryň biri ak ýola hem-de asylly işlere ak pata bermegiň nyşany hökmünde düýrlengi ak keçäni getirýär we ýazýar. Beýleki ak gyňaçly ene abadançylygyň we berekediň nyşany hökmünde türkmen saçagyny saklap durýar. Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti müdimi milli mukaddesliklere sarpa goýýar we münbere baryp durýar.

Ýene degişli makalalar

СОСТОЯЛАСЬ ТОРЖЕСТВЕННАЯ ЦЕРЕМОНИЯ ИНАУГУРАЦИИ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi
Türki dünýäniň ýatdan çykmajak gahrymanlaryndan biri bolan Yrak türkmenlerinden Neždet Koçak
"Efes-2022" harby türgenleşigi Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda başlady
Erdogan Efes-2022 harby türgenleşiginde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi
Kalyn: "Türkiýe iki ýurdyň liderini duşuşdyrmaga taýar" diýdi