17-nji fewralda irden Türkmenistanyň prezidentiniň uçarlarynyň biri Londona gelip gondy.
Heathrow aeroportunda iki sagada golaý bolanyndan soň, prezidentiň “Boing-737” uçary gelen ýerine tarap yzyna uçdy.
Ýatladýarys, bu uçar Londona 7-nji fewralda hem geldi, emma döwlet baştutany şol wagt Türkmenistandady.
Bu şu ýylyň başyndan bäri prezident uçarynyň Ýewropa ýurtlaryna amala aşyran dördünji uçuşydyr. Ýanwarda bu uçar iki gezek Frankfurta uçdy. Emma ol uçuşlary hiç birinde ýurduň prezidenti uçarda bolmady.