Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz beýanyny tapýar. Biz dünýä meşhur halylary dokaýan halyçylarymyzyň çekýän tutanýerli we döredijilikli zähmetine ýokary baha berýäris.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli karar edýärin:
ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan halyçysy diýen hormatly ady dakmaly:
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arzygül Durdymuhammedowna Kakabaýewa,
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Aýgözel Nurmämmedowna Esenowa,
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Täjigül Nurmämmedowna Ýagmyrowa,
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň Balkanabat bölüminiň önümhana halyçysy Jumagül Saparmämmedowa,
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Ýazgül Begbaýewna Söýegowa,
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Agabeg Amanowna Hudaýberenowa,
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Gülnara Çaryýewna Rezwanowa,
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň sowgatlyk önümhanasynyň halyçysy Dünýägözel Rejepgulyýewna Ýalkapowa,
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Aknabat Çarýardurdyýewna Mahramowa,
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Ogulmurat Güýçgeldiýewna Kullyýewa,
Türkmenhaly döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmengala haly önümhanasynyň halyçysy Ogulgözel Imamkulyýewa.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 26-njy maýy.