Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi

Ozal habar berşimiz ýaly, 20-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny, türkmen edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak maksady bilen, Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler.

Şeýle hem bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly bäsleşigi, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi hem-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda Çalsana, bagşy! bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda Garaşsyzlygyň merjen däneleri bäsleşigi yglan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Edebiýat we sungat gazetinde dolulygyna çap edilýär.

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşigini, ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlemek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Se¬rd¬ar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň milli medeniýeti ösdürmekde, medeni mirasy öwrenmekde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda, kämil eserleriň döremeginde möhüm ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Mämmedowa bäsleşigi ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky Karara gol çekdi
BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi
Awgust aýynda Türkmenistanda nähili çäreler geçiriler?
Iýul aýynda Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy bolar
Ýurdumyzda awgust aýynda geçiriljek medeni çäreler
Aşgabatda "Magtymguly Pyragy - asyrlaryň paýhasy" atly sebitiara onlaýn-konferensiýa geçirildi