Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi tamamlanandan soňra, 15-nji sentýabrda günüň ikinji ýarymynda Aşgabada ugrady. Bu barada Howar täjik neşiri habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidentini Duşenbe şäheriniň Halkara howa menzilinde Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda hem-de beýleki resmi adamlar ugratdylar.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Täjigistanyň döwlet Baştutany Emomali Rahmon bilen duşuşyp, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Mundan başga-da, Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň Baştutanlary bilen bilelikde Dostluk agşamy atly dabaraly gala konserte tomaşa etdi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisine tomaşa etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Täjigistana bardy
Türkmenistan Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary
Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistana resmi sapar bilen bardy
Türkmenistan Täjigistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär
Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklary
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Premýer-ministrini kabul etdi