Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Mähriban halkymyzyň çekýän agzybir we tutanýerli zähmeti netijesinde eziz Diýarymyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar.
Garaşsyz ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär.Asyrlaryň dowamynda halk seýisleriniň yhlasly zähmeti netijesinde türkmen topragynda kemala gelip, gözelligiň we kämilligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işler alnyp barylýar.
Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Awstriýa Respublikasynyň raýaty, hususy atşynas Markus Mag. Hubmanna,
Russiýa Federasiýasynyň Ahalteke-inform žurnalynyň baş redaktory Ýuliýa Nikolaýewna Kuznesowa,
Wengriýanyň Magýar-Turan Fondy jemgyýetçilik birleşiginiň ýolbaşçysy Andras Zsolt Biro Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.