Türkmenistanyň Prezidentiniň permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde taryhy özgerişler amala aşyrylyp, ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki döwürde bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen belent maksatnamalar medeniýet we sungat ussatlarymyzy täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Mähriban Watanymyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleri dünýä ýaýmak, ajaýyp döwrümiziň hözirini görüp ýaşaýan hem-de döredijilikli zähmet çekýän halkymyzy ruhy taýdan galkyndyrmak, ata-babalarymyzyň şöhratly taryhyny, milli mirasyny düýpli öwrenmek, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da kämilleşdirmek, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmak döredijilik işgärlerimiziň esasy borjudyr.

Ýurdumyzyň söz ussatlarynyň, aýdym-saz wekilleriniň, bagşy-sazandalarymyzdyr mukamçy kompozitorlarymyzyň, žurnalistlerdir suratkeşlerimiziň ajaýyp durmuşymyzy, bagtyýar zamanamyzy wasp edýän kämil eserleri döretmekleri, bagtly durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.

Medeniýet we sungat işgärlerimiz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmek ugrunda yhlasly zähmet çekip, Bitarap ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli guralýan çärelerde üstünlikli çykyş edip, halkymyzyň hormat-sarpasyna mynasyp bolýarlar.

Ýurdumyzyň milli medeniýetini, teatr, kino, aýdym-saz sungatyny, edebiýatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge, halkyň sylag-hormatyna mynasyp bolan çeperçilik taýdan gymmatly edebi eserleri döretmäge goşan aýratyn goşantlaryny, ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu medeniýet, sungat, döredijilik işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň sahna ussady Çaryýar Seýitliýewe,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady Orazgeldi Amangeldiýewe,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Owaz estrada orkestriniň baş dirižýory Nurygandym Hojamuhammedowa,

Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň mugallymy Orazmyrat Amanmyradowa,

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahna ussady Akjagül Suhanowa,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady Kakageldi Gullyýewiç Garajaýewe,

Džamal Gurban Annaniýazowa (merhum),

Akmyrat Bäşimowa (merhum);

Türkmenistanyň halk ýazyjysy

diýen hormatly ady:

Garagum žurnalynyň bölüm müdiri Döwletgeldi Annamyradowa;

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň çeper bezeg işlerini ýerine ýetirýän bölüminiň başlygy Guwançmyrat Ýagmyrgeldiýewiç Maşadowa,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň Nusaý döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Sergeý Nikolaýewiç Ýagurtowa,

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Gündelik däl neşirleri çykarmak we meýilleşdirmek müdirliginiň okuw kitaplaryny çykarýan bölüminiň baş hünärmeni Olga Dmitriýewna Nurýagdyýewa;

Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussady Gülşirin Ataýewna Annamyradowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň režissura we teatry öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Agamyrat Apbaýewiç Sagtyýewe,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň Ahal tikinçilik birleşiginiň çeper ýolbaşçysy Ilşat Annamämmedowa,

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Döwletli geňeşliginiň Döwletli obasynyň ýaşaýjysy, aýdymçy Dörtguly Orazmuhammedowiç Esenowa;

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly ady:

Türkmen milli konserwatoriýasynyň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy Babajan Açilowiç Hudaýberdiýewe,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň uly mugallymy Aşyrmuhammet Çaryýewiç Kulyýewe,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy Nurmuhammet Ataýewe,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Türkmenistanyň çeperçilik fondy döredijilik-önümçilik birleşiginiň zergäri Ibragim Paşaýewiç Gadžiattaýewe,

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň saz gurallarynyň sazlaýjysy Ýewgeniý Wladimirowiç Sapegine;

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti diýen hormatly ady:

Watan gazetiniň bölüm redaktory Orazdurdy Atahanowa.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Ýene degişli makalalar

15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda