Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, atlary ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň baş sanyny artdyrmakda, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ösdürmekde has ýokary netijeleri gazanandyklaryny, hünär ussatlygyny we uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmaly: Aşgabat şäherinden hususy atşynas Durdymuhammet Kakabaýewiç Mergenowa, Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi Derýamyrat Gurbanmyradowiç Saparowa, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Ybyk obasyndan hususy atşynas Tahyr Täçmyradowiç Amanmyradowa, Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Daşoguz Döwlet athanasynyň tälimçisi Ýanberdi Täžibaýewe, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Ibragim Çarykulyýewiç Hudaýnazarowa, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginden hususy atşynas Baýramgeldi Aşyrowiç

Aşykgulyýewe. Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Ýene degişli makalalar

26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy