Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar.Garaşsyz ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär.

Asyrlaryň dowamynda halk seýisleriniň yhlasly zähmeti netijesinde türkmen topragynda kemala gelip, gözelligiň we kämilligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça hem giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işler alnyp barylýar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin: Şu daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmaly: Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garagum ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Jessika Elizabet Eýle Keýte, Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň Asman teke ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Mişel Josiana Henriette Wan Kasterene, Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň baş kätibi Ýue Gaofenge.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Ýene degişli makalalar

26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine gatnaşdy
26.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda
Aşgabatda Ahal-teke atçylyk birleşiginiň mejlisi geçirildi, synçylar atlaryň 'syýasatyň pidasy' bolandygyny aýdýarlar
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Pekinde döwlet Baştutanymyzyň Atda wepa-da bar, sapa-da we Türkmen alabaýy kitaplary bilen tanyşdyrylyş geçirildi
Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi