Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

9-njy awgustda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Iki goňşy ýurduň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Duşuşygyň başynda Prezidentler ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýan däp bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz özbek kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de ony ýokary sylag — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy bilen gutlady.

Munuň özi Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Şawkat Mirziýoýewiň goşandyna berlen ýokary bahanyň nyşanydyr.

Özbegistanyň Prezidenti gutlaglar üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we hemmetaraplaýyn ösdürmekde Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly şahsy goşandyny belledi hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ulgamlary, şol sanda ykdysadyýet, söwda, ulag, medeniýet ýaly möhüm ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň alty aýynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14 göterim artdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň möhüm ornuny, onuň nobatdaky mejlisiniň şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde geçirilendigini belläp, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň üsti bilen işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Özbegistanyň Prezidenti giň ugurlar, şol sanda oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty we beýleki pudaklar boýunça özbek-türkmen ykdysady hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, öz nobatynda, iki döwletiň çäklerinde söwda öýleriniň açylmagynyň hem-de ykdysady forumlaryň geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki wajyp ugurlaryna degip geçmek bilen, Türkmenistan bilen Özbegistanyň Merkezi Aziýanyň, Hytaýyň, Ýewropanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň ulag ulgamlaryny birleşdirmek üçin zerur şertleri döretmek boýunça tagallalaryny birleşdirip biljekdiklerini aýdyp, ulag ulgamyna aýratyn ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Pars aýlagyna hem-de Hazar deňzine çykalgasy bolan Hytaý — Gyrgyzystan Özbegistan Türkmenistan ulag ugrunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ulag geçelgesiniň döredilmegini göz öňünde tutýan Aşgabat Ylalaşygyna ünsi çekdi.Energetika ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň oktýabrynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilendigini ýatladyp, türkmen tarapynyň şu ýyl ýurdumyzda Özbegistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ähli döwürlerde hem halklary birleşdirip, dostlugyň we özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edýär.Türkmen edebiýatynyň dünýäde ykrar edilen nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir.

Mälim bolşy ýaly, bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda, şol sanda Özbegistanda-da köp sanly dabaralar guralýar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew şu ýylyň başynda beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Özbegistanda giňden bellemek hakynda Karara gol çekendigini aýdyp, Magtymguly Pyragynyň diňe bir türki halklaryň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň we medeniýetiniň taryhynda hem aýratyn orun eýeleýändigini belledi.

Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Gahryman Arkadagymyzy islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Özbegistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini resmi sapar bilen Özbegistana çagyrdy
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini we Halk Maslahatynyň Başlygyny Özbegistana sapar bilen çagyrdy
Hoşniýetli türkmen-özbek gatnaşyklary
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Aripow Özbegistanyň Hökümet başlyklygyna gaýtadan saýlandy
Özbegistanyň Ministrler Kabineti Oliý Mažlisiň täze düzüminiň öňünde ygtyýarlylyklary ýatyrdy