Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim ulgamy boýunça resminamalara gol çekildi

Malaýziýa Türkmenistanyň Günorta-Gündogar Aziýa sebitindäki iri hyzmatdaşlarynyň biridir.Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy.Geçen döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplandy.

Malaýziýanyň häzirki ýokary ösüş depgininiň binýadyny goýan Premýer-ministr Mahathir Mohammad 1994-nji ýylda Türkmenistanda resmi saparda bolupdy.Aýratyn-da 2007-nji ýyldan bäri türkmen-malaý gatnaşyklaryna ilerleýji ösüş meýli mahsusdyr.

Günorta-Gündogar Aziýa sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklar oňyn ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär.

Sebitiň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna girýän Malaýziýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir.Bilim ulgamy hem hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurdyr.Malaýziýa dünýäde ylym-bilim ulgamy ösen, bu babatda işjeň hyzmatdaşlyk edýän döwletimiz.

Bilim we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ulgamynda hem türkmenmalaýziýa hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi toplanyldy.Hormatly Prezidentimiziň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Kuala-Lumpur şäherinde malaýziýaly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň barşynda taraplar türkmen-malaý gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler.Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine syýasy-diplomatik, ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba hojalygy, ylym, bilim, medeni-ynsanperwer, ulag-kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik¬-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-¬gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-¬tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Bu Ähtnamalar ylym-bilimi global düşünişmek ýoly bilen ösdürmek boýunça edilýän tagallalaryň bir bölegidir.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň netijeleri iki ýurduň deňhukukly, özara bähbitli, uzak möhletleýin döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýdyň görkezdi.

Pursatdan peýdalanyp, dünýä derejesinde abraýly ýokary bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmekde döredýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, mundan beýläk hem alyp barýan işleri rowaçlyga beslensin!

Amanmyrat Arazow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygy. /* custom css */ .td_uid_15_6766afffd2346_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6766afffd2346_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmen-malaý gepleşikleriniň jemleri: möhüm resminamalar
Türkmenistan we Malaýziýa bilim hyzmatdaşlygyny artdyrýar: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Türkmenistanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlyk eder
Türkmen tennisçileri Güseýnowa we Kakabaýewa Ashgabat Open ýaryşynyň jübüt görnüşinde ýeňiş gazandylar
Aşgabatda 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça halkara ýaryş geçiriler
Ashgabat Open 2024 halkara ýaryşynda ýurdumyzyň tennisçileri üstünlikli çykyş etdiler