Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda, ýaş hünärmenleri taýýarlamakda gazanan uly üstünliklerini hem-de diplomatik gullukda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň şu işgärlerini Türkmenistanyň ussat diplomaty diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy Sapar Berdiniýazowy,

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Aman-Geldi Öwezowiç Baýramowy,

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň weterany Wladimir Akimowiç Kadyrowy,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Kakajan Mommadowy,

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Tahirowiç Durdyýewi,

Soltan Pirmuhammedowy (merhum).

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabatda geçiriljek Frontdan gelen hatlar atly konserte çagyrýar
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar