Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygyna, şeýle hem Merkezi Aziýa Ýaponiýa dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Oňyn bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy derejesinde köpugurly netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi
Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlary Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahata çagyryldylar
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BILEN UGRADY
S.Joraýew Merkezi Aziýa döwletleriniň Ykdysady forumyna gatnaşýar
Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň duşuşygy geçirildi